17-nji maýda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan Adam hukuklary dialogynyň sekizinji tapgyry geçirilip, Aşgabatdan türmede ýiten tussaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat soraldy.
Ýewropa Bileleşiginiň sişenbe güni ýaýradan pres-relizinde aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň delegasiýasyna daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.
Türkmen delegasiýasynyň hatarynda Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutyň direktory, türkmen parlamentiniň adam hukuklarynyň goragy baradaky komitetiniň başlygy, Içeri işler ministrliginiň uly resmisi bar diýip, habarda aýdylýar.
ÝB-niň delegasiýasyna Ýewropa Bileleşiginiň daşarky hereketler gullugynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Toiwo Klaar ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar birgiden meseläni ara alyp maslahatlaşdylar we Ýewropa Bileleşigi özüniň anyk reformalara goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy diýip, dokumentde bellenilýär.
Mundanam başga, Ýewropa Bileleşigi golaýda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça hereket planynyň kabul edilmegini gutlap, Aşgabady konstitusiýa reformasy meselesinde halkara ekspertleri bilen geňeş- maslahat etmäge hyjuwlandyrypdyr.
Mälim bolşy ýaly, hukuk goraýjy toparlar Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen baglaşylan partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyny, Aşgabat adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý edýänçä, tassyklamazlyga çagyrýarlar.
Aşgabadyň "çynlakaý hukuk ýagdaýy"
Ýewropa Bileleşiginiňýaýradan maglumatynda Türkmenistanyň çynlakaý adam hukuklary ýagdaýyndan alada bildirilendigi aýdylýar.
Gepleşikler mahalynda hususan-da adam gynamagyň ulanylmagy barada gürrüň edilipdir, tussaglykda ýitirim bolan bendileriň ýerleşýän ýerleri barada maglumat berilmegi talap edilipdir.
Mundanam başga, Ýewropa Bileleşigi anyk adamlaryň işleri boýunça mesele gozgap, Türkmenistanyň hökümetini belli-belli tussaglary azatlyga çykarmaga çagyrypdyr. Emma pres-relizde ol tussaglaryň atlary agzalmaýar.
Pikir we hereket azatlygy
Şeýle-de ÝB Türkmenistany pikir azatlygynyň esasy çäklendirmelerini, şol sanda internet çäklendirmelerini gowşatmaga, garaşsyz raýat jemgyýeti guramalarynyň ösüşine ýardamçy bolmaga çagyrypdyr.
ÝB-Türkmenistan dialogynyň dowamynda hereket azatlygy meselesi hem gozgalypdyr. «Türkmenistan raýatlara ýurduň içinde we daşynda azat-erkin syýahat etmek rugsadyny bermäge ruhlandyryldy» diýip, ÝB-niň 17-nji maýda Brýusselden ýaýradan maglumatynda aýdylýar.
Türkmenistan bu dialoga gabat, Konstitusiýa we Magtymgulynyň poeziýa günleriniň hormatyna, 850-den gowrak tussagyň günäsini geçdi. Emma azatlyga çykan tussaglaryň arasynda wyjdan ýesirleri ýa syýasy bendi hasaplanylýan adamlaryň bardygy barada maglumat berilmeýär.
Hukuk goraýjylar, hususan-da HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber «ÝB Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biridigini nazara almaly» diýýär.
Ol geçen ýylyň tomsunda ÝB-niň Aşgabatda geçiren gepleşiklerinden öň «ÝB Türkmenistanda esasy fundamental gymmatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilişine üns bermeli» diýip, Azatlyk radiosyna aýtdy.
ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan adam hukuklary dialogynyň indiki tapgyry gelýän ýyl Aşgabatda geçiriler.