“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy Türkmenistanyň hökümetiniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Boris Şyhmyradowyň işi boýunça kesgitlenen wagt aralygynda jogap bermekden boýun gaçyrandygyny habar berýär we muňa uly gynanç bildirýär.
“Biz Türkmenistanyň hökümetini gaýragoýulmazdan BMG-ä hem Şyhmyradowyň maşgalasyna jogap bermäge we Şyhmyradowyň hem onuň maşgalasynyň depelenen hukuklaryny dikeltmek boýunça gyssagly çäre görmäge çagyrýarys. Türkmenistan muny BMG-niň komitetiniň kararyna laýyklykda ýerine ýetirmelidi” diýlip, beýannamada bellenýär.
2014-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri, 2002-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen Boris Şyhmyradowyň hukuklarynyň bozulandygy barada karar çykardy. Bu kararda türkmen häkimiýetleriniň komitete we Şyhmyradowyň maşgalasyna jogap bermegi üçin kesgitlenen wagt möhletiniň 2015-nji ýylyň 9-njy noýabrynda dolandygyny habar berýän “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň beýannamasynda türkmen hökümeti tarapyndan hiç hili jogabyň bolmandygy bellenýär.
Maglumata görä, komitet bu karary Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýananyň arzasynyň esasynda kabul edildi.
Komitet Şyrhmyradowyň zor bilen ýitirim edilmeleriň pidasydygy, Türkmenistanyň hökümetiniň onuň janyny aman saklamagy başarmandygy we onuň gynamalardan azat bolmak hem adalatly sud edilmek hukuklaryny depeländigi barada karar çykardy.
Şeýle-de komitetiň Tataýana Şyhmyradowanyň özüniň hem gynamalardan azat bolmak hukugynyň bozulandygy barada karar çykaryp, onuň ençeme ýylyň dowamynda adamsynyň ykbaly barada hiç hili maglumata eýe bolmazlygyny gynama diýip kesgitländigi maglumatda bellenilýär.
BMG-niň komitetiniň Türkmenistanyň hökümeti Boris Şyhmyradowa kanun tarapyndan goragy üpjün etmeli, şol sanda ony derhal boşatmaly we başdan geçiren kynçylyklary üçin kompensasiýa tölemeli ýa-da ol aradan çykan bolsa, onda onuň jesedini maşgalasyna bermeli, maşgala hem kompensasiýa tölenmeli diýip hasap edýändigi “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň maglumatynda bellenilýär.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň golastynda daşary işler ministri we wise-premýer wezipelerinde işlän Boris Şyhmyradow 2002-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Ol 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowa garşy boldy diýlen hüjüme gatnaşykda aýyplandy. Suduň hökümi, 25-nji dekabrda Şyhmyradowyň tussag edilmeginden dört gün soň çyksa-da, sud diňlenişigi geçirilmezden, Halk Maslahatynyň karary bilen 30-njy dekabrda ömürlik türme tussaglygyna öwrüldi.
Şol döwürde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde ömürlik tussaglygy barada madda ýokdy. Netijede diňe şondan iki aý soň, ýagny 2003-nji ýylyň 5-nji fewralynda Halk Maslahaty “Döwlete dönüklik” barada, 25-nji noýabr wakalaryna gatnaşanlary “dönükler” diýip atlandyrmak hem olara ömürlik türme tussaglygyny bermek barada karar çykardy. Şeýlelikde Şyhmyradow ömürlik türme tussaglygyna, kanuny esas bolmazdan, höküm edildi diýip, türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler barada maglumat berilmegini talap edýän halkara kampaniýasynyň maglumatynda aýdylýar. Galyberse-de, Şyhmyradowyň işiniň Türkmenistanyň türmelerinde adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi bilen bagly onlarça wakanyň diňe biridigi “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýanyň maglumatynda nygtalýar.
Dokumentde bellenişine görä, BMG-niň komitetine jogap bermedik türkmen resmileri Türkmenistanyň türme sistemasynda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine degişli problemany çözmeg-ä beýlede dursun, eýse bu fakty boýun almagy-da islemeýän bolmaklary mümkin. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň kanunlarynda halkara kanunlaryň, şol sanda BMG-niň kararlarynyň milli kanunlardan ileri tutulýandygy aýdylýar.
Türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň ykbaly barada maglumat berilmegi ugrunda hereket edýän “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýa öz maglumatynda “biz prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Olary Diri Görkezmäge ündeýäris” diýilýär.