Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda raýatlaryň hukuk bozulmalarynyň arasynda hereket azatlygynyň, syýahat etmek erkinliginiň hem bardygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy işlemek üçin Türkiýä baran türkmenistanlylaryň biri bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistana gitmek we ýurtdan çykmak mümkinçilikleri barada söhbetdeş boldy.
Türkmenistanda pasportyna deport ýazgysynyň goýulmagyndan alada edip, 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýurda dolanyp bilmeýändigini aýdýan Türkiýede işleýän türkmenistanly migrant Aýjan bilen Azatlyk radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan söhbetdeş boldy.