Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda "keseki atlar" gadagan edildi


Täjik ýaşlary
Täjik ýaşlary

Prezident Emomali Rahmon, ýurtdaky maşgala kodeksine ganybir garyndaşlaryň özara nikasyny we "täjikleriň milliligine gabat gelmeýän keseki atlaryň" dakylmagyny gadaganlara degişli edýän üýtgeşikliklere gol çekdi.

Ýeke-täk resmi at sanawy

Täjigistanda indi "millilige gabat gelmeýän keseki adam atlaryny" we şol sanda çagalara önümleriň, predmetleriň, haýwanlaryň we guşlaryň adyny dakmak gadagan. Şeýle-de "adamynyň mertebesini peseldýän we adam alalaýan" diýilýän käbir geň atlaryň dakylmagy hem gadagançylyga degişli edildi. Indi adam atlaryndaky "molla", "şyh", "tura", "hon" ýaly goşulmalaryň ulanylmagy hem gadagan. Maşgala kodeksindäki şeýle üýtgeşiklikleri öz içine alýan kanun taslamasyny Täjigistanyň mejlisi tassyklanyndan soň hepdäniň ikinji güni prezident Emomali Rahmon hem gol çekdi.

Bu ýylyň başynda Täjigistanyň hökümetiniň garamagyndaky ene dili we terminologiýa baradaky komitet kanuny hasaplanýan täjik adam atlarynyň ýeke-täk resmi sanawyny taýýarlady. Mundan beýläk täze dünýä inen täjik bäbeklerine şol ýeke-täk resmi at sanawyna görä at dakylar. Onuň taýýarlanmagyna Täjigistanyň ylymlar akademiýasynyň tanymal hünärmenleri, ýokary okuw jaýlarynyň professorlary, dilçiler, "Täjigistanyň milli eksiklopediýasy" neşirýatynyň ylmy işgärleri gatnaşypdyrlar. Sanawda takmynan dört müöe golaý döwrebap we gadymy täjik adam atlary orun alypdyr. Ene dili we terminologiýa komitetiniň bir işgäriniň aýtmagyna görä, bu sanaw raýat ýagdaýlaryny hasaba alýan bölümleriniň işgärlerine we çaga hekimlerine esasy goldanma bolar. Sanawda, her bir adam adynyň manysynyň hem gelip çykyşynyň düşündirişi bilen bilelikde, onuň arapça, parsça görnüşi we latynça transkripsiýasy mysal höküminde ýazylypdyr.

Täjigistanyň milli azlyklar baradaky kanuny ýurtda ýaşaýan azlyklara öz milli atlaryny dakgama rugsat berýär.

Ganybir raýatlaryň nikalaşmagy däbi

Täjigistanyň prezidentiniň gol çeken maşgala kodeksine girizilen üýtgeşiklik ganybir raýatlaryň ýagny ýakyn garyndaşlaryň nikalaşmagyny hem gadagan edýär. Mundan beýläk nikalaşmak isleýänler ilki bilen hekimleriň barlagyndan geçmeli bolarlar. Doganoglanlaryň oglan-gyzlary kanuna görä nikalaşyp bilmezler.

Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň ýazmagyna görä, ýurtda ganybir raýatlaryň guran maşgalalaryndaky çagalaryň aglaba köpçüliginiň şikesli dogmaga başlamagyndan soň şeýle karar kabul edilipdir.

Täjigistanyň sagylygy saklaýyş we sosýal üpjünçilik ministrliginiň hasabatyna görä, ýurtda 18 ýaşyna ýetmedik 26 müň şikesli çaga ýaşaýar. Hünärmenler, olaryň ýüzden 35 göteriminiň ganybir raýatlaryň nikalaşmagynyň netijesinde bolandygyna aýratyn üns çekýärler.

Prezident Emomali Rahmon golaýda mejlisde eden çykyşynda, Çahorbogdaky şikesli çagalar öýüniň özünde galdyran gaty geň täsirlerini gürrüň beripdir. Ondan soň Täjigistanyň döwlet telekanallarynda ganybir raýatlaryň nikalaşmagyna garşy propaganda kampanýasy başlapdyr.

Täjigistanda ganybir raýatlaryň nikalaşmagy däbi gaty gadymýetden gözbaş alýar. Soňky ýyllar bolsa şeýle nikalaryň sany hasam köpelipdir. Raýatlaryň käbiri maşgalanyň baýlygyny gorap saklamak üçin ýörüte şeýle nikalara ýykgyn edýärler. Käbiri bolsa öz gyzynyň "kesekiniň" elinde gynalmagyna razy bolman, ony "öz hossarlaryna" durmuşa çykarýarlar.

XS
SM
MD
LG