Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim 'jadyly sowgada' öwrülýär


Çilimiň gabyndaky duýduryş
Çilimiň gabyndaky duýduryş

Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekilmegine, çilim söwdasyna garşy girizilýän çäklendirmeler bilen baglylykda ýurtda çilim korrupsiýasynyň hem barha güýçlenýändigi aýdylýar.

Çilimkeşlik ýa-da ilatyň saglygyny çilimkeşlik zerarly döreýän kesellerden goramak maksady bilen görlendigi aýdylýan soňky çäreleriň biri, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugatynyň geçen annada beren maglumatyna görä, temmäki önümlerine girizilen döwlet monopoliýasy boldy.

Has anygy, prezident G.Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde temmäki önümlerini ýurda getirmegiň we olara nyrh kesmegiň, satmagyň ähli ygtyýaryny ýurduň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine berdi.

Türkmenistanda çilim, temmäki önümleri bilen bagly gadaganlyklaryň çilime garaşly raýatlaryň gerdeninden ykdysady ýük bolup düşýändigi, ýagny olaryň öz çekjek çilimlerine maşgala býujetiniň barha köp bölegini harçlamaly bolýandygy aýdylýar. Şol bir wagtda ýurtda çilim bilen bagly korrupsiýanyň indi bir ýyldan gowrak wagt bäri çuň kök urandygy aýdylýar.

Türkmenistandan Alternatiw habarlary berýän gurama bilen söhbetdeş bolan gazak raýaty Erik Supuşewiň sözlerine görä, ýük maşynlarynyň sürüjileri öz ýüklerini menziline ýetirmek üçin, Türkmenistanyň barlag nokatlarynda duran işgärlere çilim bilen para berýärler:

«Bize ýol üçin 700-800 dollar berýärler, biz şol puluň birki-ýüz dollaryna çilim alýarys» diýip, Supuşew aýdýar.

Gazagystanyň çilim gaçakçylygy üçin türkmen türmesinde oturan raýatynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýangyç guýulýan stansiýalarynda hem çilim gowy para-peşgeşiň roluny oýnaýar:

«Eger ýangyç guýmak üçin ýangyç stansiýasyna barsak, bize 50 litrden artyk solýarka bermeýärler. Onsoň ýene çilim bermeli bolýar. Çilim berseň, tonna diýseň hem berýärler» diýip, Supuşew aýdýar.

Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistana ýük eltýän maşynlaryň sürüjileriniň ählisi ýanlaryna çilim alýarlar we şonsuz menziliňe ýetmek mümkin däl.

Ýerli çeşmeleriň, şol sanda aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaweiň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanda çilimiň bahasy soňky ýyllar her ýylyň aprelinde, Sagdynlyk aýynda 20 prosent çemesi gymmatladylyp, soňy bilen köplenç şol gymmatladylan nyrhynda galýar.

Indi, temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň bar ygtyýary ýurduň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine berlensoň, ilata satylýan çilimiň hiliniň peselip, bahasynyň bolsa has gymmatlamagyndan, şeýle-de çilim korrupsiýasynyň has çuňlaşmagyndan alada bildirilýär.

XS
SM
MD
LG