Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilime garşy gadaganlyk bilen göreşmelimi?


Çilim çekmegiň gadagançylygy barada bildiriş
Çilim çekmegiň gadagançylygy barada bildiriş

Türkmenistanda çilim we temmäki önümleri satuwdan doly aýryldy. Munuň öňüsyrasynda BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşine ýokary baha berip, beýleki ýurtlary Türkmenistanyň tejribelerini nusga edinmäge çagyrdy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda çilimiň bahasy ençeme gezek ýokarlandyryldy, 2000-nji ýyldan bäri köpçülikleýin ýerlerde çilim çekmek çäklendirildi, 2013-nji ýylda bu kanun taýdan doly gadagan edildi.

Türkmenistanyň prezidenti ýakynda eden çykyşlarynyň birinde ýurtda çilimkeşligiň ençeme esse azalandygyny aýtdy. Emma welin çilimkeşligiň anyk derejesini görkezýän sanlar köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýär.

Eýse, çilimkeşlige garşy göreş diňe gadagançylyk çäreleri bilen çäklenmelimi?

Azatlyk Radiosy beýleki ýurtlaryň tejribeleri bilen hem gyzyklanyp, Gyrgyzystanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň Çilimkeşlige garşy göreş boýunça milli koordinasion merkeziniň ýolbaşçysy Çinara Bekbasarowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şu günler çilim söwdasy ýatyryldy. Köpçülik ýerlerinde çilim çekmek kanun taýdan gadagan. Bütindünýä saglyk guramasy bolsa beýleki ýurtlara türkmen tejribelerinden nusga almagy maslahat berýär. Çilimkeşlige garşy gadagançylyk çäreleri bilen göreşip bolarmy?

Çinara Bekbasarowa: Men dekabryň ortalarynda Türkmenistanda seminara gatnaşyp gaýtdym. Men Türkmenistanyň yglan eden üstünliklerine begendim. Umuman aýdylanda, çilime bolan ýokary salgytlar, çilimiň ilat üçin, ilkinji nobatda-da ýaşlar üçin elýeterligini çäklendirýär. Çilimiň bahasy ýokary bolan ýagdaýynda, adatça, çilimkeşleriň 30% çemesi çilimden el çekýär. Bu çäreler köp ýurtlarda hem ulanylýar. Bu temmäkä garşy göreşde iň netijeli usul bolýar. Men bu usuly goldaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Çinara, diňe bir gadagançylyk çäreleri bilen çilimkeşligi azaldyp bolarmy?

Çinara Bekbasarowa: Çäreler köptaraplaýyn bolmaly. Çilimiň bahasyna degişli syýasat, köpçülik ýerlerinde çilim çekmegiň gadagan edilmegi, çilim gutularynda çilimiň saglyga ýetirýän zyýany baradaky duýduryşlar, ilaty çilimiň zyýanyndan habarly etmek bilen birlikde - çilimkeşlere zyýanly endikden el çekmäge kömek bermek çäreleri deň derejede we bir wagtda geçirilmeli. Çäreleriň biri işläp, beýlekisi işlemän galmaly däl.

Azatlyk Radiosy: Çinara, Gyrgyzystanda çilimkeşlere ýardam beriji çäreler, şol sanda medisina we psihologik kömekler näderejede elýeterli?

Çinara Bekbasarowa: Bizde 2010-njy, 2011-nji ýyllarda çilimkeşlere kömek berýän ýörite telefon liniýalar ýola goýuldy. Şeýle programmanyň Türkmenistanda-da işleýän bolmagy ahmal. Bizde saglygy saklaýyş edaralarynyň ählisinde saglygy berkitmek boýunça ýörite otaglar bar, olar çilimkeşlik meselesi boýunça hem iş alyp barýarlar.

Her şäherde, her obada döwlete degişli bolmadyk köp sanly ýerli jemgyýetçilik saglyk komitetleri işleýär. Biz şeýle komitetleriň üsti bilen ýerli ilatyň arasynda çilimkeşlik problemasy barada habar ýetirýäris. Olara hem düşündiriş hem-de medisina kömegi berilýär.

Sebäbi adam temmäkä öwrendekli bolýar, temmäki hassasyna öwrülýär.

Bizde islendik çilimkeş ýa-da onuň maşgala agzasy respublikan derejede işleýän ýörite telefon liniýasyna jaň edip bilýär. Oňa 5-6 sorag berlip, çilime garaşlylyk, ýagny öwrendeklilik derejesi anyklanýar. Oňa maslahat berilýär. Käbir adamlar medisina kömegine mätäç bolýar. Olar lukmanlara ýüz tutmaly bolýarlar. Maşgala lukmanlaryna çilimkeşlige garşy göreş boýunça konsultasiýa geçirmek üçin wagt berilýär. Lukman soň bejergi usulyny hödürleýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň agzan bu kömek çäreleriňiz, şol sanda ýörite telefon maslahatlary mugtmy?

Çinara Bekbasarowa: Bu jaň edýän adam üçin mugt, bu hyzmaty Saglyk ministrligi we hökümet maliýeleşdirýär. Gyrgyzystanda çilimkeşlere medisina we psihologiki ýardam bermek boýunça beýleki hyzmatlaryň hem ählisi mugtuna.

Azatlyk Radiosy: Siz çilimkeşligiň keseldigini aýtdyňyz. Temmäkiniň bolmazlygynyň çilimkeşe täsiri nähili?

Çinara Bekbasarowa: Çilimkeşleriň uly bölegi çilimi özleri, özbaşdak taşlap bilýärler. Çilimkeşligiň derejesini kesgitlemek üçin ýörite kriteriler bar, soraglar berilýär, adamyň çilimkeşlik derejesi anyklanýar. Çilimkeşiň temmäkä garaşlylyk, ýagny öwrendeklilik derejesi ýeňil we ortaça bolan ýagdaýynda olar çilimi taşlap bilýärler. Olara diňe esas gerek. Muny hem [çilimkeşi çilimiň zyýanyndan] habarly etmek, [çilimi taşlamaga] goldaw bermek arkaly berjaý edip bolýar. Ilkinji üç hepde has agyr hasaplanýar. Çilimkeşligiň agyr derejesinde medisina işgärleriniň kömegi zerur bolýar. Munuň dürli usullary bar. Dürli däri-dermanlar bar, käbiri gymmat, beýlekileri arzan. Iňňe sanjymlary bilen bejermek usuly, psihoterapiýa usuly ulanylýar. Çilimkeşlere kömek bermegiň dürli usullary bar, emma olar medisina taýdan tassyklanan usullar bolmalydyr.

XS
SM
MD
LG