Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilimkeşe çilimsiz näme bolýar?


Çilim çekýän zenan maşgala
Çilim çekýän zenan maşgala

Çilimkeşlik - adamyň saglygy üçin zyýanly, diýlip dünýä derejesinde ykrar edilen endikdir. Lukmanlar ony näsaglyk we keselçilik diýip hem häsiýetlendirýärler.

Çilimkeşlige garşy göreşde gadagançylyk, çäreleriň diňe biri bolup durýar.

Şol bir wagtda-da çilimkeşiň çilimden mahrum edilmeginiň onuň bedenine we psihikasyna medisina nukdaý nazaryndan täsiri barmy?

Azatlyk Radiosy orsýetli psiholog Olga Mahowskaýa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Çilimden mahrum bolmaklyk çilimkeş üçin medisina nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar? Munuň adamynyň aňyna, bedenine ýetirýän täsiri barmy?

Olga Mahowskaýa: Çilimkeşlik himiki garaşlylygyň bir görnüşidir. Bu garaşlylyk hatda adam üçin aň, psihologiýa meselesi däl-de, eýse medisina häsiýetli meseledir. Çilimkeşlikden saplanmak çäresi temmäkiniň öwezini ýuwaş-ýuwaşdan medisina serişdeleri bilen dolmak arkaly amala aşyrylmaly. Sebäbi nikotin adamyň bedeninde, ganynda ornaşansoň, onuň birden kesilmegi beden üçin stress bolýar, bu dürli keselleriň döremegine getirýär. Lukmanlar ençeme keseliň döremegini çilimi çürt-kesik taşlamak bilen baglanyşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosy: Haýsy keseller barada gürrüň gidýär?

Olga Mahowskaýa: Adamynyň adaty aktiwligindäki islendik arakesme onuň aşa tolgunmagyna getirýär, ýagny çilimi taşlan adamynyň rahatlanmagyna, onuň saglygynyň dikelip başlamagyna derek, tersine, çilim çekmek islegi diňe güýçlenýär. Adatça, çilim çekmek çilimkeşiň esasy islegine öwrülýär we onuň beýleki meseleleri çözmek, işlemek ukyby gowşaýar. Uzak wagt bäri ýa-da köp çilim çekýän çilimkeşler has köp ejir çekýärler. Olaryň çilimden mahrum bolmagy bedende fiziologiýa taýdan sarsgyn döredýär.

Azatlyk Radiosy: Diýmek çilimkeşlik adamyň ilkinji nobatda aň-psihikasyna degişli endik bolman, ol adamynyň bedenindäki nähoşlyk bolup durýar, şeýlemi?

Olga Mahowskaýa: Psihologik tarapy, bu diňe netijesidir. Muňa çilimkeşiň özüne-de düşünmek kyn bolýar. Oňa eger-de çilimi ýene gaýdyp berseler, bar zat kadalaşjak ýaly bolup görünýär. Adatça, bu şeýle-de bolýar, çilim çekip bolansoň çilimkeşiň keýpi göterilýär, ol özüni has gowy duýup başlaýar. Psihika taýdan çilimkeş çilimden mahrum bolanda, onuň ilkinji başdan geçirýän esasy duýgulary aljyraňňylyk, howatyrlanma bolup, bu ýagdaý birnäçe günläp, hatda bir aýa-da çekip bilýär. Bu çilimkeşler üçin örän howply ýagdaýdyr. Aýratynam 45 ýaşdan uly adamlar üçin. Sebäbi 50 ýaşdan soň çilimi taşlamak adamynyň bedenindäki gurluşy üýtgedýär. Lukmanlar düwnük, ýürek-damar keselleriniň döremegi bilen arabaglanyşygyň bardygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, çilimkeşlige garşy göreşde medisinanyň roly nähili bolmaly?

Olga Mahowskaýa: Adamynyň saglygy bilen bagly köpçülikleýin kampaniýalara ähli taraplaýyn çemeleşmeli. Bu ýerde çilimkeşlige garşy propagandadan başlap, dermanlaryň elýeterliligi ýaly çäreler giň derejede alnyp barylmaly. Elektron çilimler, ýörite kemputlar, plastyrlar we beýleki goşmaça serişdreler hem elýeterli bolmaly. Lukmanlaryň kömegi elýeterli bolmaly.

Gadagançylyklaryň berjek netijesi babatynda aýdylanda, çilim çekmeýänler, elbetde begenerler, bu adatça şeýle bolýar, emma çilimkeşler çilim çekmek üçin has köp pul tölemäge razy bolarlar.

XS
SM
MD
LG