Düýbi Gollandiýada ýerleşýän “VimpelCom” tele-kommunikasiýa kärhanasy Özbeigsatanda 114 million dollar möçberinde para berendigini aýan etdi.
Baş edarasy Amstertamda ýerleşýän we Russiýanyň iň uly mobil aragatnaşyk operatoryny dolandyrýan “VimpelCom” para meselesi barada 18-nji fewralda ýaýradan beýanatynda maglumat berdi.
ABŞ-nyň Adalat departamenti hem şol gün ýaýradan beýanatynda “VimpelCom” kärhanasynyň Özbegistanda gerekli lisenziýalary almak üçin degişli resmilere para berendigini habar berdi.
Bu Merkezi Aziýa sebitinde sermaýa ýatyran tele-kommunikasiýa kärhanalarynyň para berendigi baradaky alnyp barylýan halkara derňewleriň çägindäki iň uly özgerilişikleriň biri boldy.
“VimpelCom” kärhanasynyň ýolbaşçysy Jean-Ywes Şarlie beýanat bilen çykyş edip, “ýalňyşlyk... biz bu barada diýseň gynanýarys, bu kabul ederliksiz” diýdi.
ABŞ-nyň Adalat ministrligi “VimpelCom” kärhanasynyň özbek bazarynda iş alyp baryp bilmegi üçin 2006-2012-nji ýyllar aralygynda özbek resmisine 114 million dollar möçberinde para berendigini boýun aldy diýdi.
Gürrüňi gidýän özbek resmisiniň şahsyýeti aýan edilmedi. Emma suduň dowamyndaky we beýleki hukuk dokumentlerinden, şeýle-de media hasaplaryndan çen tutulsa, onda gürrüň Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň gyzy – Gülnara Kerimowa barada gidýär.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork regionynyň sülçüsi Preet Bharara “VimpelCom” Özbegistandaky biznesini hökümet resmisine 114 million dollar möçberinde para berip dolandyrdy. Bu tölegler kärhananyň hasap kitaplarynda galp çykdajylar bilen görkezilip, soňra bank hasaplary arkaly ýuwulypdyrlar” diýdi.
Adalat minstrliginiň maglumatyna görä, “VimpelCom” ABŞ-nyň we Gollandiýanyň häkimiýetlerine, özüniň korrupsiýa hereketleri sebäpli ýetiren zyýany üçin, 230 million dollar möçberinde jerime tölär. Şeýle-de kärhana ABŞ-nyň gymmat kagyzlary boýunça biržasyna 375 million dollar jerime tölär.
Şol bir wagtda, ABŞ-nyň Adalat ministrligi “VimpelCom” kärhanasynyň para bilen bagly şweýsar banklaryndaky 550 million dollaryny konfiskasiýa etmegi göz öňünde tutýar.
“VimpelCom” ençeme araçy kompaniýalar arkaly russiýaly milliarder Mihaýil Fridman tarapyndan dolandyrylýar.