Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň jemleri: Bosgunlar krizisi


Bosgunlar Wengriýa bilen Horwatiýanyň serhet geçelgesindäki köprüden geçýärler. 21-nji sentýabr, 2015 ý.
Bosgunlar Wengriýa bilen Horwatiýanyň serhet geçelgesindäki köprüden geçýärler. 21-nji sentýabr, 2015 ý.

Berlin diwary ýykylaly bäri aradan 25 ýyldan gowrak wagt geçensoň, 2015-nji ýylda Ikinji jahan urşundan bärde görlüp-eşidilmedik bosgunlar tolkunynyň içine düşen Ýewropada [döwletleriň arasynda] ýene germewleriň gurulmagy 28 agzaly Ýewropa Bileleşiginiň esaslaryny sarsdyryp, onuň ýaşaýşa ukyplydygyny sorag astyna alýar.

2016-njy ýylda Brýussel Orta Gündogardaky we Afrikadaky uruşdan hem garyplykdan gaçyp gelýän migrantlar, bosgunlar bilen iş salşylanda, diňe göreşmek bilen çäklenmez. Ol Ýewropanyň esasy bölegindäki pasportsyz özara erkin gatnawy ýatyrmalymy ýa dälmi diýen ýaly meseleler bilen hem ýüzbe-ýüz bolar. "Yslam döwleti" toparynyň militantlary 13-nji noýabrda Parižde 130 adamy öldüreninden soň bu ugurdaky çagyryşlar köpeldi.

Wengriýadan Awstriýanyň territoriýalaryna barýan bosgunlar.
Wengriýadan Awstriýanyň territoriýalaryna barýan bosgunlar.

Ýewropa Bileleşiginiň içinde bolsa alada bilen yzarlanjak zat - Britaniýanyň blokdan çykyp-çykmazlyk barada 2016-njy ýylda geçirmegi mümkin referendumy bolar. Britaniýanyň blokdan çykmagy - Brexit - Bileleşigiň ululykda ikinji orny eýeleýän ykdysadyýetini ýitirmegini aňladýar. Kontinentiň beýleki çetinde bolsa Orsýet bilen özara söwda etmek höwesi saklanýar. Bu barada hem pikir tapawutlarynyň ýüze çykmagy örän ähtimal.

Migrasiýa

Migrasiýa krizisi 2016-njy ýylda sowlup gitmez. Ýewropa Komissiýasy 2016-njy ýylyň aýagyna çenli Ýewropa Bileleşigine üç million migrant geler diýen pikirden ugur alýar. Bu 2015-nji ýylda gelendir diýip çaklanylýan bir millionyň üç essesi.

Ýewropa Bileleşigi bu uly kynçylyga reaksiýa görkezmekde haýal hereket etdi. Munuň hem esasy sebäbi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky bölünişik. Bosgunlara garşy topara ýolbaşçylyk edýän Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban sentýabrda "Ýewropany hristian edip saklamak" üçin "serhetlerimizi goramak" zerur diýdi.

Indi bolsa bosgunlaryň uruşdan ýaňa dargan Siriýadan Ýewropa Bileleşigine gelip guýulmagynyň öňüni almakda [esasy umyt] gysyş astyna düşen Brýussel tarapdan beýleki peşgeşler bilen birlikde eline üç milliard ýewro tutdurylan Türkiýe bolar.

"Carnegie Europe" ylmy merkeziniň ýokary derejeli işgäri Judy Dempseý.
"Carnegie Europe" ylmy merkeziniň ýokary derejeli işgäri Judy Dempseý.

"Carnegie Europe" ylmy merkeziniň ýokary derejeli işgäri Judy Dempseýiň pikiriçe, bosgunlaryň gelmeginiň soňlanmagy Siriýadaky konfliktiň soňlanmagyny aňladýar. Bu hem aňsat iş däl: "Muny nädip soňlamaly diýen meselede ähli oppozision partiýalaryň we dürli toparlaryň arasynda ylalaşyk bolarmy? Meniň pikirimçe, bu gaty problemaly zat. Mysal üçin, Saud Arabystanynyň bähbitleri näme? Eýranyň bähbitleri näme? Orsýetiň bähbitleri näme? Ýewropanyň, Amerikanyň bähbitleri näme? Gynansak-da, migrant krizisi ýene birnäçe wagtlap dowam eder".

Şengen

Migrant krizisi, aýratyn-da Gresiýanyň deňiz ýoly bilen gelýän köpsanly adamlara kontrollyk edip bilmeýänligi, Ýewropa Bileleşiginiň açyk serhetler zonasy Şengeni kyn ýagdaýa salýar. Bileleşige agza 22 döwlet bilen beýleki 4 döwletiň arasynda pasportsyz erkin sapara ýol berýän Şengen reformirlenmeli, hatda ony ýatyrmaly diýýänleriň sany Pariž hüjüminden soňra köpeldi. Hüjümi gurnanlykda güman edilýän adam Brýusseliň etegindäki Molenbeekden. Ýöne Belgiýanyň premýer-ministri Çarls Mişel hüjüm Ýewropa serhetleriniň açykdygynyň netijesi diýip, Şengeniň dowam etmegini-de sorag astyna aldy. Ol noýabrda: "Biz indi Ýewropada howpuň täze derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys" diýdi.

Içki serhetler barada barýan oňuşmazlyklar bilen birlikde Bileleşigiň daşky serhetlerini goramakda-da ylalaşyk ýok. Fransiýa bilen Germaniýa Ýewropa Bileleşiginiň "Frontex" serhet güýjüne daşky serhetleri goramak üçin köprak ygtyýar berilmegini isleýärler. Ýöne belli bir ylalaşyga gowuşmagyň kyndygy sebäpli, 2016-njy ýylda ýurtlaryň aglabasynyň birtaraplaýyn syýasy kararlara ýykgyn etmegi mümkin.

Dempseý "Ýöne biz daşary syýasatyň we howpsuzlyk syýasatynyň gitdigiçe gaýtadan millileşdirilýändigini hem görýäris. Bu geçen birnäçe ýyllykda-da bardy, ýöne indi barha güýçlenýär. Meniň pikirimçe, Ýewropa Bileleşiginiň içinde köp meseleler babatda agzybirlikli tutum geljek ýylyň dowamynda berkemegiň deregine gowşar" diýýär.

Brexit

Belli bir derejede sagçy güýçleriň, aýratyn-da Ýewropa Bileleşigine şübheli garaýan Beýik Britaniýanyň Garaşsyzlyk partiýasy UKIP-niň görkezýän basyşy netijesinde Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron öten maýda geçen saýlawlarda öz partiýasynyň ýeňiş gazanmagyny kepillendirmek üçin Ýewropa Bileleşigine agzalyk boýunça referendum geçirmegi wada etdi.

Britaniýa Ýewropanyň 18 döwletiniň pul blogy bolan ýewro zonasyna degişli däl. Ýöne ol Ýewropada ikinji uly ykdysadyýet. Şol sebäpden onuň agzalykdan çykmagy Ýewropa Bileleşiginiň tutuş içerki önüminiň 15 prosent aşaklamagyna getirer. Kameron Britaniýanyň Bileleşikde galmagyny isleýär. Ol Londana garaşsyz hereket eder ýaly mümkinçilik berilmegi babatda Brýussel bilen täze şertler hakda gürleşmegi wada berdi. Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bu iş beýleki agzalarda hem şular ýaly meýilleri döreder diýip aladalanýarlar. Referendum üçin entek bellenen anyk sene ýok. Onuň 2017-nji ýyla ýa ondan soňa goýulmagy-da mümkin. Ýöne Britaniýanyň agzalykdan çykmak mümkinçiligi 2016-njy ýylda Bileleşigiň üstünden sowulmaz.

Orsýet

Bu Ýewropa Bileleşigini bölekläp biljek mesele däl. Ýöne Moskwa bilen bolan gatnaşyklar blokda oňuşmazlyga sebäp bolýar. Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny basyp almagyna we onuň gündogar Ukrainada separatistleri goldamagyna jogap edip, Birleşen Ştatlaryň Moskwanyň garşysyna girizen sanksiýalaryna Ýewropa Bileleşigi-de goşuldy. Kiýew bilen separatistleriň arasyndaky konfliktde 9 müňden agdyk adam öldi. Ýewropa Bileleşigi tarapynda girizilen sanksiýalaryň uly bölegi 2016-njy ýylyň aýagyna çenli öz güýjünde galar, ýöne onuň geljegi barada aýdyňlyk ýok.

Sanksiýalar energiýanyň bahasynyň aşaklamagy bilen birlikde Moskwa agyr zarba bolup degdi. Ýöne ondan Ýewropa-da zyýan çekmän duranok. Germaniýanyň "Die Welt" gazetiniň ýazmagyna görä, Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalardan Ýewropanyň 114 milliard dollar zyýan çekmegi we iki milliona deňeç iş ornunyň ýitirilmegine getirmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG