Ýewropa Bileleşiginiň parlamentiniň täze ÝB-Merkezi Aziýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi we oňa baha berilmegi boýunça hasabatçysy, ÝB-niň daşary gatnaşyklar komitetiniň agzasy Tamaş Miseriç ÝB-niň häzirki MA strategiýasynyň netijesizdigini aýdýar we oňa gaýtadan seredilmegine çagyrýar.
Ol ÝB-niň Türkmenistan babatda, garaşsyz žurnalistleriň ýanalmagynyň dowam etmegi bilen baglylykda, has berk pozisiýa eýelenmelidigini aýdýar. Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammad Tahir Tamaş Meseriç bilen şu we beýleki meseleler barada söhbetdeş boldy.
Azatlyk radiosy: Siziň daşary gatnaşyklar komitetinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa strategiýasy barada aýdan sözleriňizden sitata getirmek isleýäris. Siz «Biz synda Ýewropa Bileleşiginiň regiondaky işjeňlikleriniň tapawutlandyrylan we şertli çemeleşmä esaslanmaldygyny gutlaýarys» diýýärsiňiz. Görnüşinden, siz bu ýerde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa babatdaky çemeleşmesini nazarda tutýarsyňyz. Siz bu sözleri aýtmak bilen, anyk näme diýmekçi bolduňyz?
Tamaş Meseriç: Bu ýerde esasy pikir tapawutlandyrmanyň zerurlygy barasynda, sebäbi biz ähli ugurlar boýunça doly regional hyzmatdaşlygyň bolmagyny her neneňsi islän-de bolsak, men bu ýerde Merkezi Aziýany nazarda tutýaryn, bu ýakyn geljekde boljak, amala aşjak bir zada meňzemeýär. Alnyp barlan syýasatyň obýekti bolanlygyna garamazdan, bu soňky ýedi ýylda hem amala aşmady. Osnoň biz bu fakty bolşy ýaly kabul etmeli. Bu ýurtlaryň köpüsi biziň formatlarymyzdaky ähli ölçegler boýunça bilelikde işleşmäge ukyply däl. Bu diňe bir mesele.
Eger biz suw dolandyryşy syýasatyny alsak, iki ýa üç ýurt umumy platformada işleşmäge ýa-da, aýdaly, hatda bu syýasatlary utgaşdyrmaga ukyply bolup biler. Bu sebitdäki regional hyzmatdaşlyk syýasatyny doly geriminde durmuşa ornaşdyrmaga synanyşmak bilen barabar diýsek-de bolar. Men çeýelik we tapawutlandyrmak diýenimde, esasan şuny aýtmakçy bolupdym.
Azatlyk radiosy: Şeýle-de siz öz çykyşyňyzda regionda adam hukuklary we syýasy ösüş meselelerindäki yzagaýdyşlyk barada gürrüň etdiňiz. Bu meseledäki pikiriňizi giňräk düşündirip bilmezmisiňiz?
Tamaş Meseriç: Hasabatda Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýagdaýy babatda degişlilikde uzyn bir bölüm bar. Bu ýagdaý barada iň gowy aýdylanda, bu ýurtlaryň hiç birinde adam hukuklary meselesinde düýpli gowulaşma ýa ilerleme bolmady diýse bolar. Gyrgyzystanda biraz kadadan çykma bar, ýagny ol beýlekilere garanda ganymat, emma bu ýurtdaky ýagdaý hem yrga. Men häzir aýratyn birini agzamak islemeýärin, emma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde adam hukuklarynyň bozulmagy, azatlyklaryň yzygiderli çäklendirilmegi kemelmedi we käbir ýagdaýlarda beterleşdi.
Azatlyk radiosy: Siziň teklip edýän tapawutlandyrylan we şertli esasda çemeleşmäňiz ýaňky agzan meseleleriňiziň çözgüdini tizleşdirmäge, adam hukuklarynyň hormatlanmagyna ýa-da syýasy ösüşiň kämilleşdirilmegine nähili kömek edip biler? Siz bu çemeleşmäniň sebitde döretjek özgerişligini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
Tamaş Meseriç: Bu, elbetde, her ýurda adam hukuklary ýagdaýy boýunça aýratynlykda baha berlişine bagly bolar. Ýagny men tutuş region doly bir görnüşde diýmek islemeýärin. Aýdaly, bu meselede Türkmenistan Gazagystandan düýpli tapawutlanýar. Emma meniň bu ýerde gazanylmagyny umyt edýän zadym, haýsam bolsa bir ýurtda adam hukuklary ýaly möhüm meselede hiç hili ösüş bolmasa, ýa-da gaýtgynlyk bolsa, munuň beýleki syýasy meselelerde hem netijeleriniň bolmagyndan ybarat. Sebäbi, başgaça bolanda, regiondaky adam hukuklary syýasatynyň maksady ynandyryjy bolmaýar. Beýle ýagdaýda hemme kişi biziň öňünde goýan zatlarmyza gol çeker, emma iş ýüzünde hiç bir zat hem amal edilmez, sebäbi ol ýerde ýerine ýetirilmedik iş üçin görülýän hiç bir çäre ýa-da munuň bir bildirýän netijesi ýok.
Azatlyk radiosy: Siz Türkmenistan barada gürrüň edýärsiňiz. Ýewropa Bileleşigi dürli jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Merkezi Aziýa, aýdaly, Türkmenistana gezek gelende, öz gymmatlyklarynyň köpüsiniň bozulmagy bilen ilteşikli bolmakda bireýýämden bäri tankyt edilip gelinýär. Biz, Azat Ýewropa, Azatlyk radiosy hökmünde, siziň birnäçe gezek agzan ýurduňyz bolan Türkmenistanda türkmen dilinde ýeke-täk garaşsyz habar çeşmesi bolup durýarys. Soňky bäş aýda biziň ýurt içindäki bir habarçymyz türmä basyldy, olaryň dördüsi biz bilen hyzmatdaşlygy bes etmäge mejbur edildi. Bu ýurduň içinden gelýän habarlary sem etmek üçin edilýär. Mundanam başga, häkimiýetler ýurt içine garaşsyz habarlaryň gelmeginiň öňüni almak üçin adamlaryň hususy hemra antennalaryny hem aýryp taşlaýarlar. Emma bularyň ählisine garamazdan, men Ýewropa Bileleşiginiň bu meseleler boýunça hiç bir jemgyýetçilik jogabyny eşitmedim. Meniň ynanjyma görä, siziň agza bolup durýan daşary gatnaşyklar komitetiňiz bu ýagdaýa reaksiýa bildirmeli anyk gurama bolup durýar. Siz öz komitetiňiziň bu meseledäki işinden näderejede kanagatlanýarsyňyz?
Tamaş Meseriç: Men, elbetde, daşary gatnaşyklar komitetiniň işinden umyt edişime garanda az kanagatlanýaryn. Biz şol gürrüňi edilýän hukuk bozulmalarynyň hiç biriniň daşary gatnaşyklar komitetinde agzalmazlygyny hiç bir jähtden ýuwmarlap bolmajagyny ýatda saklamaly. Men muny bir bahana edinmeýärin, emma biz Ýewropa Bileleşigi üçin has möhüm we ileri tutulýan meseleleriň bardygyny hem görmezlige salmaly däl.
Şu sebäpden Merkezi Aziýa näderejede wajyplygy nukdaý nazardan ikinji ýa-da ondan hem aşaky derejelere iteklenýär. Bu hili ýagdaýda daşary gatnaşyklar komitetinde adam hukuklary meselesini gozgamak has kyn bolýar. Emma muňa garamazdan, maňa käbir umyt berýän zatlar bar: Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky şertnamanyň hakykatda durmuşa geçirilmegi häzirki wagtda gepleşilýän mesele, ol awtomatiki däl. Bu maňa belli bir derejede umyt berýär, sebäbi ol ýerde biziň Türkmenistanda hem ulanyp biljek käbir netijeli tutaryklarymyzyň bolmagy mümkin.
Azatlyk radiosy: Aýdaly, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy eger siziň özüňiz bolsaňyz, şu hili ýagdalar boýunça nähili anyk pozisiýa eýelärdiňiz?
Tamaş Meseriç: Bu hili ýagdaýda Daşary gatnaşyklar komitetiniň edip biljek zady barada aýtmaly bolsa, geňeş we komissiýa tarapyndan görülmeli käbir çäreleri, ýa-da şol bir wagtyň özünde parlamentiň plenar sessiýasynda adam hukuklary babatdaky adatdan daşary ýagdaýa ünsi çekmegi teklip edip bolardy. Eger bizde adatdan daşary ýagdaý rezolýusiýasy üçin ulanar ýaly ýeterlik maglumat bolsa, men bu işi ederin.
Hakykatda muňa Daşary gatnaşyklar komiteti bolup, olara garaşman, parlament topary hökmünde hem başlamak mümkin. Ýagny men Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyk şertnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatdaky ähli gepleşikleri togtatmagy, doňdurmagy teklip ederdim.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.