Parahat-7 Aşgabadyň gür ilatly täze etrapçalaryň biri bolup, bu sebite ilatyň göçüp gelenine sanlyja ýyl boldy. Emma muňa garamazdan, bu ýerde ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde käbir nogsanlyklar, binalaryň daşky görküniň kämilsizligi, köçeleriň jaýrylmagy we zir-zibilleriň üýmeleňleriniň aýrylmaýandygyny görse bolýandygy habar berilýär.
Azatlyk Radiosy bu mesele we onuň bolaýmagy mümkin sebäpleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açilowa bilen söhbetdeş boldy.