Ukrainanyň kanun çykaryjylary ýurduň ýaragly güýçlerinde daşary ýurtlularyň gulluk etmegini kanunlaşdyrdylar.
Kanunyň taslamasy 6-njy oktýabrda parlamentdäki ikinji diňlenişikde makullandy.
Mundan öň kanun çykaryjylar Ukrainanyň goşunynda gulluk edýän daşary ýurtlularyň ukrain raýaty bolmak prosessini aňsatlaşdyrmak barada kanuny kabul edipdiler.
Kanun prezident Petro Poroşenkonyň gol çekmegi üçin iberilmekden ozal ýene ses berişlige goýular.
Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky harby konfliktiň dowamynda başga ýurtlaryň raýatlary bolan meýletinçileriň ençemesi Ukrainanyň ýaragly güýçlerine goşuldy. Konflikt zerarly azyndan 8900 adamyň wepat bolandygy aýdylýar.