Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda BMG-niň durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan sammitinde çykyş edip, durnukly ösüş maksatlaryny utgaşdyrmagyň täze ählumumy usulyny döretmek baradaky meselä seretmäge çagyrdy.
Bu sammit Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý sessiýasynyň işiniň çäginde geçirilýär.
Prezident Berdimuhamedow öz çykyşyna BMG-niň 2030-njy ýyla çenli teklip edýän durnukly ösüş strategiýasynyň kabul edilmegine goldaw bildirmekden başlady.
Ol bu plana girýän maksatlaryň we wezipeleriň ählisine ýokary baha berdi we olaryň sosial ugrunyň ähmiýetini nygtady.
Gender deňligini gazanmak maksady
Prezident Berdimuhamedow hususan-da bilim, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada durup geçdi.
Türkmen lideri gender deňligi barada söz açyp, «bu ugurda öz öňümizde belent maksady hem goýduk, ýagny bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr» diýdi.
Onuň pikirine görä, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin arzan we ynamdar energiýa serişdelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi zerur. Ol bu üpjünçilik üçin zerur bolan infrastrukturanyň ösdürilmelidigini hem belläp geçdi.
Berdimuhamedow azyk howpsuzlygy we açlyga garşy göreş barada söz açyp, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasyny, Bütindünýä Azyk guramasyny bilelikde hereket etmäge çagyrdy we Azyk forumynyň çagyrylmagyny teklip etdi.
Türkmen lideriniň bellemegine görä, halkara meseleleriniň gün tertibine adalatly we ýokary hilli bilim meselesiniň hem girizilmegi gerek. Täze programmalary işläp düzmek, bilim pudagyndaky halkara dialogy ösdürmek bilen, BMG bu ugurda aktiw işlemeli diýip, ol aýtdy.
Mundanam başga, türkmen lideri planetanyň döwletleriniň we halklarynyň daşky gurşaw barada alada etmän sosial-ykdysady ösüş gazanyp bilmejegini ýatlatdy.
Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň dekabr aýynda Parižde geçjek klimat sammitinde halkara ylalaşygyna gol çekilmegini goldaýandygyny hem sözüne goşdy.
BMG 'täze usul' döretmeli
Şeýle-de türkmen prezidenti, «göz öňünde tutulan bu maksatlara hem ýetmek özara gatnaşyklaryň usullaryny mundanam beýläk hem kämilleşdirmek bilen aýrylmaz hem baglydyr» diýdi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen lideri «BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň ýakyn wagtda geçirjek hem mejlislerinde, ýagny durnukly ösüş maksatlaryny utgaşdyrmagyň hem täze ählumumy usulyny hem döretmek baradaky meselä hem seredilse, onda maksadalaýyk hem bolardy» diýip pikir edýär.
Ol Türkmenistanyň bu ugurda degişli, anyk teklipleri bermäge taýýardygyny hem sözüne goşdy.
Prezident Berdimuhamedow öz çykyşynyň soňunda dünýä liderlerini Aşgabatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyga gatnaşmaga çagyrdy.