Türkmenistanda hökümet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň banklaryň üsti bilen tölenip başlananyna indi ençeme ýyl boldy. Bu düzgüne laýyklykda işgärleriň aýlyk haklary olaryň plastik kartlaryna geçirilip, adamlar soň diňe bankomatlaryň üsti bilen aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilýärler. Şol bir wagtyň özünde ýurduň käbir şäherlerinde ýa-da etraplarynda bankomatlaryň kadaly işlemeýändigi, olaryň sanynyň hem azdygy we olardan günüň diňe belli sagatlarynda pul alyp bolýandygy habar berilýär. Aşakda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky bankomatlaryň sany, olaryň iş tertibi barada maglumat berilýär.
Tagtabazarda näçe bankomat bar?
Jemi ilat sany 70 müň çemesi diýlip çaklanýan Tagtabazar etrabynda jemi dört sany bankomat bar. Olaryň biri etrabyň maliýe müdirliginiň edarasynda, beýleki üçüsi türkmen banklarynyň ýerli bölümlerinde ýerleşýär.
Bankomatlar günüň haýsy sagatlarynda işleýär?
Daýhan bankyň, Türkmenistan bankyň, Halk bankyň içindäki bankomatlardan hepdäniň duşenbe gününden anna gününe çenli irden sagat 08:00-dan agşam 18:00-a çenli pul alyp bolýar. Bu bankomatlar şenbe güni öýlän sagat 13:00- a çenli işleýär, ýekşenbe günleri bolsa düýbünden ýapyk bolýar.
Etrabyň Maliýe müdirligindäki bankomatdan hem şenbe güni sagat 18:00-a çenli pul alyp bolsa, ýekşenbe günleri ol dolulygyna işlemeýär.
Etraba iň ýakyn bankomat näçe kilometr uzaklykda ýerleşýär?
Tagtabazar etrabyndaky bu bankomatlaryň kähalatlarda ulanyşdan çykýandygy, şeýle bolanda tagtabazarlylar üçin iň ýakyn bankomatyň etrapdan 150 kilometr çemesi uzaklykdaky Serhetabat etrabynda ýerleşýär.
Hökümet býujetinden kim aýlyk alýar?
Tagtabazar etrabynda harbylar, bilim, saglyk pudagynyň işgärleri, maliýe edaralarynyň, oba geňeşlikleriniň, arçynlyklaryň, häkimligiň, polisiýa gullugynyň, kazyýet pudagynyň, prokuraturanyň, muzeýleriň, çagalar baglarynyň we käbir beýleki edaralaryň işgärleri hökümet býujetinden aýlyk alýarlar.