Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palmyra: Söweşijiler minaralary ýumurdy


Palmyra. 4-nji sentýabr, 2015 ý.
Palmyra. 4-nji sentýabr, 2015 ý.

Siriýanyň gadymy ýadygärlikler boýunça ýolbaşçysy “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Palmyra şäheriniň merkezi bölegindäki üç gadymy minarany partladandygyny aýdýar.

4-nji sentýabrda Mamoun Abdelkarimiň aýtmagyna görä, biziň eýýämymyzyň 44-103-nji ýyllar aralygynda gurlan minaralar mundan 10 gün öň ýumrulypdyr. Ol bu minaralar Palmyranyň “iň gowy goralyp saklanan we iň owadan” minaralarydy diýýär.

Partladylan gadymy ýadygärlikleriň arasynda “Elahbel” minarasy hem bolup, Abdelikarimiň aýmagyna görä, bu minara dört gatdan we ýerzeminden ybaratdy.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri şu ýylyň maý aýynda Palmyrany basyp alypdylar. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda söweşijiler UNESCO-nyň Dünýä gymmatlyklary sanawynda bolan iki gadymy buthanany ýok etdiler. Olaryň biri “Baal Şamin” buthanasydy we beýlekisi “Belyň ybadathanasydy”.

XS
SM
MD
LG