Orsýetiň häkimiýetleri daşary ýurtly öndürijileriň önümi bolan ýuwýan serişdeleri dükanlardan aýyryp başladylar we bu hereketini olaryň saglyk üçin töwekgelçiligi bilen düşündirdiler.
Alyjylary goramak boýunça döwlet agentliginiň 25-nji awgustda çap eden maglumatynda daşary ýurtly “Colgate-Palmolive” we “Procter & Gamble” ýaly iri öndürijileriň saýlanan önümleriniň barlanmagynyň netijesinde olaryň düzüminde zäherli serişdeleriň tapylandygy aýdyldy.
Moskwa şu aýyň başynda Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki ýurtlaryň azyk önümlerine gadagançylygynyň möçberini artdyrdy.
Emma Orsýet ýuwýan serişdeleriň importyna gadagançylyk girizmändi. Orsýetde önümçilik kärhanalaryna eýe bolan ady agzalan bu kompaniýalar tarapyndan entek reaksiýa bolmady.