Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gazprom" "Türkmengazy" suda berýär


«Gazpromuň» başlygy A.Miller 2014-nji ýylda Türkmenistandan gelýän gazyň kesilip gelýändigini aýdyp, iş gatnaşyklaryny kesmek haýbatyny atdy.
«Gazpromuň» başlygy A.Miller 2014-nji ýylda Türkmenistandan gelýän gazyň kesilip gelýändigini aýdyp, iş gatnaşyklaryny kesmek haýbatyny atdy.

«Forbes» neşiri we «Roýters» habar gullugy 24-nji iýulda Orsýetiň «Gazprom» kompaniýasynyň Türkmenistanyň gaz öndüriji we gaz paýlaýjy kompaniýasy «Türkmengazy» Stokgolmdaky arbitraž suduna berendigini habar berdi.

«Forbesiň» ýazmagyna görä, «Gazprom» sud şikaýatyny baryp 8-nji iýunda beripdir we onda «Türkmengazyň» kontraktdaky bahalara gaýtadan seretmegi talap edilýär.

Şol bir wagtda «Forbes» «Gazpromuň» resmi wekiliniň bu mesele baradaky soraga düşündiriş bermekden boýun gaçyrandygyny, Stokgolmdaky arbitraž sudunyň wekiliniň bolsa «Forbesiň» soragyna jogap bermändigini ýazýar.

Emma «Roýters» habar gullugy «Gazproma» salgylanyp, rus gaz läheňiniň anna güni Türkmenistany şertnamadaky gaz nyrhlary üstünde suda berendigini ýazýar.

Bu habarlar Türkmenistan «Gazpromy» şu ýyl alan gazy üçin töleg edip bilmezlikde aýyplanyndan iki hepde soň ýaýrady.

«Forbes» neşiri «Gazpromuň» nägile bolýan şertnamasyna 2010-njy ýylda gol çekilendigini ýazýar.

Bu şertnama astynda «Gazprom» Türkmenistandan her 1000 kub metr gaza 240 dollar çemesinde pul töläp, «al we töle» şertindäki möçber boýunça, ýylda 10 milliard kub metr gaz almaly.

Şeýle-de neşir «Gazpromuň» başlygy Alekseý Milleriň 2014-nji ýylda aksionerleriň ýygnagynda Türkmenistandan gelýän gazyň kesilip gelýändigini aýdyp, Aşgabat bilen iş gatnaşyklaryny kesmek haýbatyny atandygyny ýatlaýar.

«Roýters» habar gullugy «Gazpromuň» sözçüsine salgylanyp, Stokgolmdaky arbitraž suduna edilen şikaýatyň nyrhlara gaýtadan seretmek baradadygyny, emma onuň meseläni has anyklaşdyrmakdan saklanandygyny ýazýar.

Şeýle-de «Roýters» Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda hytaý gaz bazary babatda bäsleşigiň bardygyna ünsi çekýär we Aşgabadyň bu söweşde eliniň güýçlüdigini, sebäbi Hytaýa eýýäm ýylda 30 milliard kub metr çemesi gaz iberýändigini ýazýar. Hytaýa satylýan türkmen gazynyň möçberini 2020-nji ýylda iki esse köpeltmek planlaşdyrylýar. Orsýet bolsa, Hytaýa gaz satmaga diňe 2018-nji ýylda, gündogar Sibirden, ýuwaş-ýuwaş köpeldip, ýylda 38 milliard kub metr gaz iberip başlamagy planlaşdyrýar diýip, «Roýters» ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, «Gazprom» 2015-nji ýylyň başynda Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini 4 milliard kub metre çenli azaltmak kararyna gelendigini, sebäbi Ýewropada we Ukrainada rus gazyna bolan islegiň we talabyň peselendigini aýtdy.

«Forbes» neşiriniň ýazmagyna görä, dünýäde nebit bahasynyň arzanlamagy bilen baglylykda, Ýewropada gazyň eksport bahasynyň aşak gaçmagy esasynda «Gazprom» türkmen gazy babatdaky şertnamasyna eýermän başlaýar. Netijede, ýanwar aýynda satyjy bilen bahany arzanlatmak barada ylalaşmazdan, «Gazprom» birtaraply görnüşde, töleg etmegiň Ýewropa zyýansyz eksport görnüşine geçýär. Satyn alnan türkmen gazyna 2015-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda edilen töleg şu shema boýunça amala aşyrylan diýip, «Forbes» ýazýar.

Eger resmi Aşgabadyň pozisiýasyna dolanyp gelsek, Türkmenistanyň nebit we gaz ministrligi iýul aýynyň başynda «Gazpromuň» maliýe krizisi we günbatar sanksiýalary bilen baglylykda tölege ukypsyz bolup çykandygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG