Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Eýrana sapar etmek üçin özüne çakylyk edilendigini aýtdy. Munuň öňüsyrasynda Tähranyň we dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň arasynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gelindi.
Fabius özüni eýranly kärdeşi Mohammad Jawad Zarifyň çagyrandygyny 15-nji iýulda Fransiýanyň radiosyna aýtdy. 14-nji iýulda Wenada gol çekilen ylalaşykda Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek we munuň ýerine Tährana garşy ykdysady sanksiýalary gowşatmak göz öňünde tutulýar.
Fabius “men Eýrana baryp biljek we men Eýrana bararyn” diýip jogap berdim, diýdi. Ol saparynyň takyk senesini mälim etmedi.
Şol bir wagtda-da Reuters agentligi Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Sigmar Gabrieliň 19-njy iýulda Eýrana sapary planlaşdyrýandygyny habar berdi.
Ministrligiň metbugat-wekili Eýrana saparyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy, emma wagtyny mälim etmedi.