Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa «bitaraplyk durumy gorag we jogapkärçilik» diýýär. Şeýle-de ol bitaraplygyň bileleşiklere we ýaranlyklara goşulmazlygy aňlatmaýandygyny belledi.
Türkmen ilçisi bu pikirleri Türkmenistanyň bitaraplygynyň ykrar edilmegi baradaky rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna gabat, BMG-niň radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Tebigy baýlyklaryna garamazdan, region bir topar problema bilen hem ýüzbe-ýüz dur diýip, türkmen resmisi söhbetdeşlikde Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň suw problemasyna, Hazarýaka döwletleriniň deňziň durumyny kesgitlemek, deňziň ekologiýasyny gorap saklamak bilen bagly meselelere ünsi çekýär.
Şu we beýleki ugurlardaky çözülmedik meseleleriň üstesine, sebitdäki närahat goňşuçylyk bizi Öňüni alyş diplomatiýasynyň regional merkezini açmak inisiatiwasyny öňe sürmäge itekledi diýip, Aksoltan Ataýewa söhbetdeşligiň dowamynda aýdýar.
Aksoltan Ataýewa radionyň habarçysynyň, BMG-ni nazara alman, «bitaraplyk durumyňyz siziň halkara, regional we beýleki ýaranlyklaryň hiç birine goşulmaýandygyňyzy aňladýarmy?» diýen soragyna jogap berip, şeýle diýýär:
«Bitaraplyk durumy biziň ýaranlyklara goşulmaýandygymyzy aňlatmaýar. Döwletiň bitaraplyk durumy onuň üstüne belli bir borçlary ýükleýär. Bu haýsydar bir harby birleşiklere we ýaranlyklara goşulmazlyk, hiç kim, şol sanda goňşular bilen, özüňi goramakdan başga ýagdaýda, hiç hili harby duşmançylyga baş goşmazlyk.»
Şeýle-de Ataýewa özleriniň bitaraplyga BMG-niň ýönekeý bir meýdany, şonuň bilen bir wagtda hiç bir harby işlere gatyşmaýan ýurt hökmünde däl-de, eýsem oňyn tarapdan, konstruktiw tarapdan garaýandyklaryny aýdýar.