Türkmenistanda çagalaryň hukuklary baradaky kanunlar kämilleşdirilýär, şonuň bilen bir wagtda hökümet bu meselede BMG-niň Çagalaryň hukuklary baradaky komitetinde hasabat hem berýär.
Ýöne ýurtda çaga hukuklarynyň bozulmagynyň dowam edýändigi aýdylýar.
Eýsem Türkmenistanda çaga hukuklary durmuş ýüzünde esasan nähili ýagdaýlarda bozulýar we bu düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin milli kanunçylykda nähili normalar bellenipdir?
Azatlyk radiosy bu barada ýerli synçy, Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.