Lebap welaýatynyň Farap etrabynda iki çagalar bagynyň, Garaşsyzlyk etrabynda 600 orunlyk mekdebiň we Medeniýet öýüniň gurluşygynyň tamamlananyna ençeme aý geçendigine garamazdan, ulanylmaga berilmändigi habar berilýär.
Hatda resmi taýdan dabaraly ýagdaýda açylan käbir desgalaryň daşynda we içinde hem, onuň işe girizilendigini görkezýän hiç hili alamatyň ýokdugy aýdylýar.
Eýse, munuň nähili sebäpleri bolup biler?
Bu soraga Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew öz raportynda jogap berýär.