Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Badgyz welaýatynyň Marçak obasynda ýene-de bir harby gözegçilik nokady söweşijileriň eline geçdi. Ýüze çykan çaknyşykda bir owgan esgeri hem öldürildi.
Belläp geçsek, bu soňky aýyň içinde söweşijileriň Marçakda basyp alan ikinji harby postudyr.
Azaltyk Radiosyndan Muhammad Tahir türkmen-owgan serhedinde ýerleşýän Marçagyň ýagdaýlary barada Owganystanyň Serhet güýçleriniň Marçak boýunça kommandiri Döwlet Mawin bilen söhbetdeş boldy.