Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Saýlaw bolmasa, hiç zat düzelmez"


Gypjak, ses berilýär. 15-nji dekabr, 2013.
Gypjak, ses berilýär. 15-nji dekabr, 2013.

Azatlyk radiosynyň dekabrdan bäri aýlyklaryny alyp bilmeýän gurluşykçylar baradaky habary azathabar.сom websaýtymyzda we sosial ulgamlarda bir topar seslenme döretdi.

Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýewiň beren maglumatyna we «Altyngül» hususy firmasynyň adynyň aýdylmazlygyny soran işgäriniň tassyklamagyna görä, Lebapda aýlyklaryny alyp bilmeýän onlarça işgär işden çykyp, rysgalyny başga ýerden gözlemäge mejbur bolupdyr.

Aýdylmagyna görä, aýlyklaryň gijikmesi diňe hususy firmalara hem mahsus däl, bu ýagdaý döwlet edaralarynda hem bar diýen maglumatlar gowuşýar.

Azatlygyň feýsbuk sahypasynda bu habaryň aşagynda pikirini galdyran okyjymyz Atabek Reýimow bu ýagdaýda, ýagny aýlyk alman kim işlär diýen soragy berýär we şu sebäpden adamlaryň daşary ýurtlara iş gözläp gitmäge mejbur bolýandygyny aýdýar.

«Men indi özüme türkmen diýmäge utanýan, saýyn jemhurbaşkanymyz Berdimuhamedowyň habary ýokdur, ministrler iýmişdir, başlyklar iýmişdir» diýip, Atabek bu ýagdaýyň sebäbini pudak ýolbaşçylaryndan gözleýär.

Selbi Dag atly okyjymyz bolsa, «Adamlar näme iýmelikä?» diýip soraýar.

Aly Türkmen atly okyjymyz bu ýerde meseläniň diňe ýolbaşçylara bagly däldigini, eýsem halkyň özünde-de günä bardygyny düşündirmäge çalyşýar:

«Ne işiňiz bar döwlet işinde? Giden pul berip okaýaňyz, ondan soň iş tapman ýörsüňiz, tapsaňyzam aýlyk berenok. Menden nesihat, daşary ýurtda okaman işläň, 10 sany sygyr al, ýeterlik, başga zat gerek däl, özüň başlyk, özüň han bolarsyň, ýylda sekiz göle berse, başga zat gerek däl, hadi bakalim» diýip, Aly Türkmen ýazýar.

Gülbagt Ýadygärowa Aly Türkmeniň pikirini goldap, maldan peýda görüp boljagyny aýdýar we: «Bu döwürde nirede işleseň-de, patronyň maldan beter bolup çykýar» diýýär.

Şirin atly okyjymyz «bu gidişde halkyň ýagdaýy erbetleşer, Türkmenistanda iş ýok, iş bolsa-da hakyny bermeýärler» diýip ýazýar. Soň ol bu ýagdaýyň üýtgemegini, özi ýaly daşary ýurtda işleýänleriň ene-atalarynyň, çagalarynyň ýanlaryna gaýdyp gelmegini, ýurtda zawod-fabrikleriň açylmagyny, iş ýerleriniň köpelmegini arzuw edýär.

Emma ol soňundan «nirde eýle zat, aty, maşyny, welsepidi kim münsün soň, ne bolar, halka kömek et, halkyň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär» diýip ýazýar.

Maýa Günden Raýimowa bolsa, türkmen pullaryny küýseýändigini, «juzdanynda» galan bir manady henizem saklaýandygyny ýazypdyr.

Gülnaz Allanazarowa «maslahatlarda pula satylan ýaşululary oturtma-da, halky diňle» diýip ýazýar we häkimleriň ol ýaşululary «bir zat diýäýseň basarys» diýip gorkuzýandygyny aýdýar.

Azatlyk radiosynyň Türkmenistanda aýlyklaryň gijikmesi barada çap eden maglumatyna seslenme ýazanlaryň arasynda ozalky prezident Saparmyrt Nyýazowy öwýänler hem bar.

Mysal üçin, Dinara Hüseýinowa «Öňki prezidentiň elini öpüp, başymyza goýmagymyz gerek, öýle biri bidaha gelmez» diýip ýazýar.

Bahtyýar Bulut atly okyjymyz bolsa oňa «Ne kadar körsüňiz» diýip jogap berýär we «Türkmenistanda hemme zadyň çözgüdi saýlawdadyr, saýlaw bolmasa, hiç bir zat düzelmez» diýýär.

XS
SM
MD
LG