Gyrgyzystanda bir serhet gullukçysy hökümete garşy jyhada çagyrmakda aýyplanyp tussag edildi.
Gyrgyzystanyň Döwlet Serhet gullugynyň metbugat sözçüsi Gulmira Borubaýewa özüniň 6-njy aprelde beren maglumatynda, ady we ýaşy barada köpçülige maglumat berilmeýän şübheliniň häzirki wagtda soraga çekilendigini aýtdy.
Gürrüňi gidýän şübheli 4-nji aprelde özüniň Facebook sahypasynda beýanat çap etmekde güman edilýär. Şol beýanatda gyrgyz ýaşlaryna Gyrgyzystanyň “dinden çykan hökümeti” diýilýän režime garşy jyhady ýa-da mukaddes urşy amala aşyrmaga çagyryş edilýär.
Gyrgyzystanyň Döwlet Serhet gullugy başga-da alty, şol sanda ýetimler öýünde ulalan dört adamyň şübhelileriň hataryna goşulandygyny aýtdy.
Gyrgyzystanyň we Merkezi Aziýadaky käbir beýleki ýurtlaryň häkimiýetleri özleriniň ýüzlerçe raýatynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň we beýleki ekstremistleriň hatarynda söweşýändigini habar beripdiler.