NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bileleşigiň gündogar bölegini goldamak boýunça hereketleriň Orsýetiň “agressiw hereketlerine” jogapdygyny aýtdy.
5-nji fewralda NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brusseldäki duşuşygynda eden çykyşynda Stoltenberg Moskwany gündogar Ukrainada separatistleri goldamagyny bes etmäge ündedi we olaryň ok atyşygy bes etmek barada geçen ýylyň sentýabrynda Minskde gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmegi üçin basyş etmäge çagyrdy.
NATO-nyň ministrleri Orsýet tarapyndan agressiýa dörän ýagdaýynda regionda howpsuzlygy tiz üpjün etmek boýunça kiçi harby dolandyryş merkezlerini döretmek meselesini maslahat etdiler.
Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşmak üçin Kiýewe bardy. Waşingtonyň Ukrainanyň gündogarynda gözgalaňçylara garşy söweşýän Kiýewe ýarag bermezlik syýasatyny üýtgetmeklige ýakyndygy barada habar berilýär.