German kansleri Angela Merkel rus prezidenti Wladimir Putine Minsk parahatçylyk plany boýunça progres bolmasa, Ukraina krizisi boýunça dört taraply sammitiň geçirilmejegini aýtdy.
Merkeliň sözçüsi Steffen Siýbert (Steffen Seibert) Merkel Putine 10-njy ýanwarda telefon edip, «ylalyşykly çözgütlere» gelmek üçin Moskwanyň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler babatdaky täsirlerini ulanmagyna garaşýandygyny aýtdy diýdi.
Merkel Putine fransuz, german, rus we ukrain liderleriniň gazak paýtagty Astanada geçirilmegi teklip edilen sammitiniň, bu ugurdaky progresiň ýoklugy üçin, geçirilip bilinmeýändigini aýdypdyr.
Bu sammit Astanada 15-nji ýanwarda geçirilmelidi.