Taryha gidýän ýylyň esasy aladalarynyň biri hem, dünýäniň habar serişdeleriniň baş habarlarynyň birine öwrülen «ebola» wirusy boldy.
Ölüm howply «ebola» wirusynyň üsti açylaly bäri 40 ýyla golaý wagt geçenem bolsa, ol entek dünýä metbugatynda munuň ýaly beýle kän orun almandy.
Ýylyň dowamynda dünýäniň sekiz ýurdunda 17 müňden gowrak ebola näsagy barada habar berildi, Dünýä saglyk guramasynyň maglumatyna görä, olaryň 6 müňden gowragy heläk boldy.
Günbatar Afrikanyň üç ýurdy -- Gwinea, Liberia we Siýerra Leone – bu wirusyň iň möwç alan ýerleri boldy.
Angliýadaky Tropiki medisinanyň Liwerpul mekdebiniň baýry mugallymy we geňeşçi wraçy Nik Biiçiň (Nick Beeching) bu ýagdaýy ol ýurtlaryň saglyk edaralarynyň örän süýrenjeňligi bilen düşündirdi.
Şeýle-de ol bu ýurtlarda ýerli ilatyň arasynda ýaýran örän uly gorka düşünmegiň kyn däldigini, olaryň karantine hemişe göwünjeň bolmaýandygyny sözüne goşdy.
Beeching «ebola göni gatnaşyk we beden suwuklyklary arkaly ýaýraýar» diýýär. Şeýle-de bu wirusyň şeýle kesel bilen kesellän ýabany haýwany iýmekden, ýa-da wirusyň bar ýerine göni galtaşmakdan hem geçip bilýändigi aýdylýar.
Emma bu ýylky epidemiýanyň ýaýramagynda merhumyň jesedi bilen bagly dini däpleriň hem ýeterlik rol oýnandygy aýdylýar.
Dünýä saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda «ebola» wirusy ýokuşanlaryň 20 prosenti «ebola» pidalarynyň jaýlanmagy bilen baglanyşykly.
Bu wirus ölen adamyň bedeninde diri galmagyny dowam etdirýär we «eboladan» ölen adamyň jesedini ellän, ýuwan adamalara hem geçip bilýär.
Şonuň bilen birlikde, Dünýä saglyk guramasynyň resmileriniň dekabryň başynda bildiren optimizmlerine görä, « ebola» pidalarynyň jesetleriniň 70 prosentden gowragy howpsuz şertlerde jaýlanypdyr.
Taryha gidýän 2014-nji ýylyň saglyk frontunda gowy täzelikler hem bar, olaryň arasynda «С» gepatitiniň bejergisinde bolan öňegidişligi, bakteriýa infeksiýalarynyň bejergisindäki progresi agzamak bolar.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.