Warşawada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) "Adamçylyk ölçegleri" boýunça iki hepde dowam eden ýyllyk maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem öz üstüne alan borçnamalaryny nähili durmuşa geçirýändigi barada gürrüň edildi.
ÝHHG-däki Helsinki komissiýasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça syýasy masalhatçysy Janise Helwig (Janice Helwig) Muhammad Tahir bilen söhbetdeşliginde bu maslahatyň dowamynda Türkmenistan babatynda edilen gürrüňler barada maglumat berdi.
Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň delegasiýasy bu ýerde özüniň soňky beýanatynda Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän aýyplamalar bilen tussag edilenleriň ykbaly barada çykyş etdi. Siz iki hepde dowam eden maslahatyň dowamynda bu meseläni ozal hem gozgapmydyňyz?
Janise Helwig: Waraşawada iki hepde dowam eden ÝHHG-niň "Adamçylyk ölçegleri” boýunça ýyllyk maslahaty geçirilip, onda agza döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny näderejede berjaý edýändiklerine her madda boýunça syn edildi.
Bu iki hepdäniň dowamynda biziň missiýamyz azat mebugat, özüňi beýan etmegiň erkinligi, dini azatlyklar ýaly meseleler boýunça çykyş etdi. Şol beýanatlarymyzyň aglaba köpüsinde Türkmenistanyň ady hem tutuldy.
Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, häzirki geçen maslahata Türkmenistanyň resmi delegasiýasy gatnaşmady. Haçan-da ABŞ-nyň we Türkmenistanyň resmileri beýleki maslahatlaryň çäginde ýüzbe-ýüz duşuşanlarynda, belki-de şol wagt şu ýerde gozgalan meseleler türkmen resmileriniň öňünde goýulýandyr? Gürrüňi gidýän ýagdaýlar barada gürrüň edilip başlananda, türkmen resmileri muňa nähili reaksiýa görkezýärler?
Janise Helwig: Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleriniň bu ýerde ýokdugy gaty gynandyrýar. Öňümizdäki hepdeleriň dowamynda Wenada ÝHHG-niň Hemişelik geňeşinde duşuşyk geçiriler. Men şol pursatda Türkmenistanyň häzirki ýygnaga gatnaşmandygy baradaky meseläniň gozgalmagyna garaşýaryn.
Bu baradaky mesele mundan ençeme aý ozal, daşary işler ministri Reşit Meredowyň ÝHHG-niň Hemişelik geňeşinde eden çykyşy mahaly hem orta atylypdy. Şonda türkmen wekilleriniň bu maslahata gatnaşdyrylmagy barada köp gürrüň edildi. Emma barybir [Warşawa] hiç bir türkmen resmisiniň gelmändigi gynandyrýar.
Men ABŞ-nyň Kongresiniň Helsinki komitetiniň adyndan aýtsam, biz Türkmenistanda dereksiz ýiten tussaglaryň ykbaly baradaky meseläni gozgadyk. Kongresiň käbir agzalary hem hat ýa-da ikitaraplaýyn duşuşyklaryň üsti bilen bu meseläni gün tertibine girizdiler.
Şu golaýda, ýagny fewral aýynda ABŞ-nyň Kongresinde Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim edilen adamlar we olaryň ykbaly barada maglumat soramak barada ýörite brifing hem geçirildi.
Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň delegasiýasynyň çykyşynda “Moskwa mehanizmi” diýilýän barada hem gürrüň edildi. Emma häzirki wagtda bu ugurda uly bir öňegidişligiň bolandygyny aýtmak kyn. Siziň pikirizçe, munuň öňünde duran böwetler nämeler?
Janise Helwig: Bu ugurda ýeke-täk bir “böwet” bar, ol hem türkmen hökümetiniň syýasy islegi. Men Türkmenistanyň öňe tarap ädim ädip, gürrüňi gidýän adamlar barada maglumat berjekdigine we olary görmäge mümkinçilik döretjekdigine umyt bildiresim gelýär.
Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy özüňiz hem türkmen wekilleriniň häzirki ýaly maslahatlara gatnaşmaýandygyny aýtdyňyz. “Moskwa mehanizminiň” hem köpleriň isleýşi ýaly işlemeýändigini aýtsa bolar. Siziň pikiriňizçe, bu babatynda Türkmenistan bilen ýene haýsy nukdaýnazardan gürleşip bolar?
Janise Helwig: Meniň pikirimçe, biz başardygymyzdan ähli ýerde bu adamlaryň ykbaly barada gürrüň etmegi dowam etdirmeli. Biz bu şahsyýetleriň ykbalyny ýatdan çykarmaly däldiris. Bu adamlaryň maşgalalary öz ýakynlarynyň nirededigini, nähili ýagdaýda saklanýandygyny, olaryň diridigini ýa ölüdigini bilmelidirler.
Bu ugurda hökümete degişli bolmadyk “Olary diri görkeziň!” atly bir topar hem döredilip, ýörite kampaniýa başladyldy. ÝHHG-e we Halkara normalaryna görä adamlar zor bilen türmelerde ýitirim edilmeli däl. Şu sebäpli hem biz türkmen hökümetinden bu ugurda maglumat bermegini sorap gelýäris.
Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ÝHHG-niň “Adamçylyk ölçegleri” ýaly ýygnaklaryna uzak wagtdan bäri gatnaşman gelýär. Bir ýurduň şular ýaly ýygnaklardan ýüz öwürýändigi sebäpli ÝHHG-niň aýratyn göz öňünde tutýan çäreleri, düzgünleri barmy?
Janise Helwig: ÝHHG-niň bu ýagdaýlary düzgünleşdirjek aýratyn bir düzgün-kadasy ýok. Türkmen hökümeti adam hukuklary meseleleri gozgalýan “Adamçylyk ölçegleri” ýaly ýygnaklara gataşmasa-da, ol Hemişelik geňeşiň maslahatlary, ministrler derejesindäki ýaly beýleki duşuşyklara gatnaşyp gelýär.