Gyrgyzystanda oppozision gazetiň edarasy talandy. “Alibi” atly gazetiň eýesi Babyrbek Jinbekow 6-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda gürrüňi gidýän wakanyň gijäň ýary bolandygyny mälim etdi.
Jinbekow edara jaýyna kimiň zor bilen gireniniň nämälimdigine galýandygyny aýdyp, olar jaýyň içinden hiç zat almandyrlar diýdi.
Maglumatlarda derňewleri geçirmek üçin wakanyň bolan ýerine polisiýanyň barandygy habar berilýär.
“Alibi” atly neşir bir hepdäniň dowamynda iki gezek köpçülige hödürlenýär we onda esasan hem hökümeti tankyt edýän mazmunly maglumatlar çap edilýär.