Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Döwletiň 90 ýyllygy barada dil ýarmadylar'


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň suratyny tutup duran çäreçiler
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň suratyny tutup duran çäreçiler

Türkmenistan döwletiniň garaşsyzlygyny yglan etmeginiň 23-nji ýyl dönümi bilen bir wagtda şu ýyl Türkmenistan milli döwletiniň düýbüniň tutulmagynyň 90-njy ýyl dönümidir. Taryhy maglumatlara görä, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda “Orta Aziýa respublikalarynyň milli bölünişigi hakynda” karar SSSR-iň Merkezi ýerine ýetiriji komitetiniň 2-nji sessiýasy tarapyndan kabul edilýär we Türkmenistan Sowet respublikasy döredilýär.

Prezident Berdimuhamedowyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli halka ýüzlenmesinde "Türkmen halkynyň oz döwletini gurmak barada asyrlar boýy eden arzuwy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hasyl boldy” we halkyň muňlerçe ýyllyk taryhyna ykbaly kesgitleýji sene hökmünde girdi, diýip bellendi. Emma Türkmenistanyň milli döwlet hökmünde düýbi tutulan möhüm taryhy döwürler resmi maglumatda agzalmady.

Türkmen ýolbaşçylary ýurduň taryhy barada we taryhy şahsyýetleri barada näme sebäpden dil ýarmaýarlar? Azatlyk Radiosy türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow we Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00
Ýükle
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:57 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG