Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​ÖYH-niň howpy we Merkezi Aziýa


Owganystandaky söweşijiler.
Owganystandaky söweşijiler.

24-nji maýda türkmen-owgan serhedinde owganystanly söweşijileriň hüjüm etmeginde üç sany türkmen esgeri atylyp öldürildi. Ynha şeýle ýagdaý soňky üç aýyň dowamynda ikinji gezek gaýtalanýar. Bu hadysada hüjümçileriň anyk kimlerdigi barada takyk maglumat ýok.

Ýöne käbir resmileriň aýtmaklaryna görä, soňky wagtlarda “ýerli bolmadyk” jeňçileriň demirgazyk Owganystanda has hem işjeňleşýändikleri, olaryň arasynda “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň agzalarynyň hem bardygy aýdylýar.

Bu sorag, 90-nji ýyllarda döredilip, soň Owganystana yzy bilen Pakistana gaçmaga mejbur bolan bu toparyň agzalarynyň gaýtadan demirgazyk Owganystanda jemlenip başlanandygyny aňladýarmy? Olary demirgazyk Owganystana getirýän zat näme?

Olaryň Orta Aziýadaky beýleki radikal toparlar bilen nähili gatnaşygy we ilteşigi bar? Şeýle-de, 2014-nji ýylyň aýagyna Halkara güýçleriň Owganystandan çekilmegi bilen “Özbegistanyň Yslam hereketi” Orta Aziýa üçin nähili howp döredip biler? Gepleşikde bu barada doly gürrüň edilýär.

Programma Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň başlygy şeýle-de ÖYH-den içgin habarly Alişer Syddykow, şeýlede Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň merkezi Aziýa boýunça synçysy Brýus Paniýer, “Jamestown foundation” guramasynyň Ýewraziýa boýunça synçysy Jeýkob Zenn, Waşingtondan “Registan.net” sahypasynyň redaktory Noa Taker, Kabuldan “Owgan media çeşmeleri” merkeziniň müdiri Hajy Seýit Dawut we Moskowadan “Karnegi merkeziniň” Orta Aziýa boýunça synçysy Alekseý Malaşenko dagylar gatnaşýar.

Programmany Pragadaky studiodan Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG