Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan serhedinde 3 türkmen esgeri öldürildi


"Talyban" söweşijisi
"Talyban" söweşijisi
Türkmenistanyň üç sany serhetçisi owgan söweşijileri tarapyndan atylyp öldürildi. Bu pajygaly waka türkmen-owgan araçäginde, Owganystanyň Bathys welaýatynyň Bala Murgap etrabynyň golaýynda 24-nji mayda bolup geçipdir.

Gormaç etrabynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Asyl Han Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna bu barada şeýle maglumat berdi: "Haçanda maňa bu barada maglumat gowşanda, men ony Bala Murgap etrabynyň howpsuzlyk güýçlerinden soradym. Maňa berlen maglumata görä, Murgap etrabyna degişli serhediň 38-nji nokadynda, Akazaý atly obadan bir ýaragly topar Gulamdestegir Topanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň serhedini bozup, aňry geçipdir. Bize gowşan maglumata görä, olar Türkmenistanyň üç serhetçisini atyp öldürip, türkmen esgerlerine degişli iki sany awtomat we bir sany agyr pulemýoty alyp gaýdypdyrlar".

Owganystanly ýolbaşçy Gormaç etrabynyň wagtlaýyn häkimi Asyl Han owganystanly söweşijilere Türkmenistanyň esgerleriniň hiç hili garşylyk görkezmändigini hem sözleriniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň Mazary Şerifdäki konsuly Bazarbaý Kabaýew, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda, şol wakanyň bolup-bolmandygy barada resmi taýdan hiç hili habarynyň ýokdugyny aýtdy.

Mundan ozal şu ýylyň 26-njy fewralynda-da Owganystanyň Bathys welaýatynyň Mukur etrabynda söweşijilerdigi aýdylýan beýleki bir toparyň hem Türkmenistanyň araçägini bozup, üç türkmen serhetçisini atyp öldürendigi hakda maglumat berlipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri şol pajygaly waka hakda-da öz wagtynda hiç hili beýanat bilen çykyş etmän, onuň yzysüre Türkmenistanyň owgan serhedine golaý etraplarynda harby türgenleşikleri geçiripdiler. Türkmen-owgan serhediniň uzynlygy 744 kilometre barabardyr.
XS
SM
MD
LG