Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystandan doly çykmakçy däl


Goşun diňe Owgan hökümeti bilen ikitaraplaýyn Howpsuzlyk ylalaşygy baglaşylan halatynda saklanyp galynar.
Goşun diňe Owgan hökümeti bilen ikitaraplaýyn Howpsuzlyk ylalaşygy baglaşylan halatynda saklanyp galynar.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 27-nji maýda çykyş edip, 2014-nji ýyldan soň Owganystanda 9 müň 800 amerikan esgerini saklap galmak ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy. Şeýle-de ol 2016-njy ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň Owganystandaky harby missiýasynyň doly tamamlanjakdygyny aýtdy.

Obama: “Öňümizdäki ýyldan başlap owgan güýçleri öz ýurdundaky howpsuzlygyň üpjünçiligini dolulygyna öz üstüne alarlar. Amerikanyň harbylarynyň diňe maslahat beriji ygtyýarlygy bolar. Mundan beýläk biz Owgan şäherlerine, daglaryna we jülgelerine gözegçilik etmeris. Bu indi owgan halkynyň öz işi” diýdi.

Owganystanda galjak amerikan harbylarynyň missiýasy owgan güýçlerine tälim bermek we “Al-Kaýda” garşy antiterror operasiýalaryny geçirmek bolar.

2015-nji ýylyň ahyryna çenli 9 müň 800 esgeriň ýarpysyndan gowragy kemeldilip, esasan Kabulyň we Bagram harby uçar bazasynyň töweregindäki harby kontingent ýurtdan çykarylar. 2016-njy ýylyň ahyryna çenli Obamanyň administrasiýasy bu ýurtdan ähli amerikan goşunlary çykaryp, diňe ABŞ-nyň ilçihanasynyň goragy üçin kiçi biri topary saklap galmagy maksat edinýär.

Administrasiýanyň ýokary derejeli wekiliniň aýtmagyna görä, NATO-nyň saklap galjak düzümi ýaranlygyň goranmak ministrleriniň öňümizdäki aýda Brýusselde geçirjek sammitinde kesgitlener.

Şertler

Goşun diňe Owgan hökümeti bilen ikitaraplaýyn Howpsuzlyk ylalaşygy baglaşylan halatynda saklanyp galynar. Owganystanyň prezidentligine dalaş edýän esasy kandidatlaryň ikisi-de bu Ylalaşygy baglaşjakdyklaryny aýtdylar. Şol bir wagtda prezidentlik möhleti tamamlanyp barýan prezident Hamid Karzaý oňa gol goýmakdan ýüz öwrüpdi.

Administrasiýanyň ýokary derejeli wekiliniň berýän maglumatyna görä, Obama Karzaý bilen gürleşip, bu ugurdan gelnen netije dogrusynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron we Italiýanyň premýer-minsitri Matteo Renzi bilen özara ylalaşylandygyny mälim edipdir.

Obama 2014-nji ýylda Owganystanda gulluk edýän 32 müň 800 esger üçin harby operasiýalaryň tamamlanjakdygyny aýtsa-da, maksatnamada amerikan harby güýçleriniň çäkli böleginiň ýene-de tegelek iki ýyllap bu konflikte gatnaşjakdygy göz öňünde tutulýar.

Garaýyşlar

Amerikalylar 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerika edilen hüjümlerden soň Owganystana girmek planlaryny goldan hem bolsalar, häzirki wagtda ABŞ-nyň taryhyndaky iň uly uruş bolan bu konflikt gitdigiçe adamlaryň gözünden düşýär.

Jemgyýetiň pikiriniň bölünendigine garamazdan, ABŞ-nyň kanunçykaryjylary täze beýanaty tankytladylar. Respublikan senator Jon Makkeýn, Kelly Aýotte we Lindseý Graham muny “düýpli ýalňyş we syýasatyň strategiýanyň üstünden ýeňşi” diýip atlandyrdylar. Olar muny “Owganystandaky urşy has jogapkärçilikli görnüşde tamamlamaga kynçylyk döreder” diýip belleýärler.

Senator Bob Korker öz çykyşynda deňagramlylygy has köp saklap, bu täze beýanaty gowy garşylaýandygyny, emma Obamanyň administrasiýasynyň “şertleri üýtgedip”, amerikan goşunlary Owganystandan 2016-njy ýylda däl-de, eýse 2015-nji ýylda doly çykarylsa, has gowy boljakdygyny aýtdy.

Obama Owganystanyň “aňrybaş bir ýer” boljakdygyna garaşmaýandygyny, üstesine-de munuň ABŞ-nyň borjy däldigini nygtady.

Mundan öň, 25-nji maýda, Obama öňünden duýdurmazdan, Owganystana sapar etdi. Ol Owganystana baryp, bu ýurtda harby gullugy geçýän amerikan harbylary bilen gepleşdi. Emma Karzaýyň Obamanyň duşuşmak çakylygyny ret edendigi sebäpli, iki ýurduň prezidentleri görşüp bilmediler.

Obama urşy tamamlamak işiniň aňsat däldigini nygtap, “Men amerikanlar urşy başlamakdan ony soňlamagyň has kyndygyny öwrenendirler diýip çaklaýaryn” diýdi.
XS
SM
MD
LG