Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýykylyp diklenýän şäher


Gurulýan Aşgabat
Gurulýan Aşgabat
Uzak taryh dowamynda bu şäheri ýa-ha tebigy berbagtçylyk, ýa-da häkimler ýumrup gelipdir. Ençeme asyrlap Aşgabat bar, emma onuň taryhy keşbi ýok. Aşgabatda näçe jaý gurlan bolsa, şonça jaý hem ýykyldy.

Täze sene

Soňky ýazuw çeşmelerinden mälim bolşuna görä, rus kolonial goşuny Gökdepäni basyp alansoň, gadymy Aşgabat obasynyň hem-de Aşgabat galasynyň ornundan harby berkitmäniň düýbüni tutup başlapdyr. Bu ýer 1882-nji ýyldan, resmi dokumentlerde “Aşgabat şäheri” diýlip görkezildi. Şol maglumata laýyklykda 1982-nji ýylda Aşagabat şäheriniň döredilmeginiň 100 ýyllygy kem-käsleýin bellendi. Şäheriň günorta böleginde alleýa döredilip, ol ýerde 100 suw çüwdürimi guruldy hem 100 düýp çynar oturdyldy. Şol hasapdan Aşgabat 130 ýyldan gowrak şäher adyny göterýär. 90 ýyl bäri hem Türkmenistanyň paýtagty bolup gelýär.

Köne sene

Aslynda Aşgabadyň ýaşynyň has irräkden gaýdýandygyny aýdýarlar. Seljuklar döwrüniň taryhyny öwreniji belli alym, akademik S.G.Agajanow, ýer atlaryny öwreniji, akademik S.Atanyýazow Aşgabadyň azyndan iki müň ýyl taryhynyň bardygyny dürli çeşmelere salgylanyp aýtdylar. Arheolog Ý.Atagarryýew paýtagtyň merkezindäki “Gorka” ýadygärliginde barlag geçirip, ony Parfiýa imperiýasynyň döwri bilen baglanyşdyrdy. Bu bolsa biziň eramyzdan öňki müňýyllyga gabat gelýär.
Örän amatly hem suwlukly ýerde ýerleşen Aşgabat näme üçin owalbaşdan şäher bolmandyr ýa-da şol gadymyýetde gurlan galalar bu güne saklanmandyr diýen sowal döreýär.

Heläkçilikler

Munuň ilkinji sebäbi - sebitde ýeryranma köp bolýar. Soňky hasaba alnan maglumata görä, 1893, 1895, 1929, 1948 we 1968-nji ýyllarda güýçli ýeryranma bolupdy. Aýratyn-da, 48-nji ýylyň ýeryranmasy agyr weýrançylyk getiripdi.
Beýleki bir heläkçilik talaňçylar tarapyndan gelipdir. Akademik S.G.Agajanowyň bellemegine görä, 13-nji asyrda mongol goşunlarynyň çozuşy bu ýerdäki ýaşaýşy düýpli weýran edipdir. Soňra Aşgabat 18-nji asyrdan janlanyp başlaýar. Ýöne dürli talaňçylykly çozuşlar Aşgabada köpelmäge hem gülläp ösmäge mümkinçilik bermändir. Daglaryň hem baýyrlyklaryň alkymynda oturan Aşgabada çozuş etmek, soňra gaçyp gutulmak amatly bolupdyr.

Ýykmak hem gurmak

Dürli sebäplere duwlanyp, gurlan jaýlary ýykmak işleri 48-nji ýylyň tebigy heläkçiliginden soňra-da dowam edýär. Meselem, häzirki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ornunda öň bar bolan behaýylar metjidi dinamit bilen partladylyp aýrylýar.
"Türkmenbaşy" stadiony ýykylýar. Aşgabat.
"Türkmenbaşy" stadiony ýykylýar. Aşgabat.

60-70-nji ýyllardan başlap, köne jaýlar hem ýeryranmadan soňky gurlan wagtlaýyn ymaratlar sökülip aýryldy. Gadymdan oturan baglardyr agaçlar çapyldy. Ýeryranmadan hiç bir myşan galmady.

Aýdylyşyna görä, 48-nji ýylyň heläkçiliginde Opera we balet teatry ikä bölünip, onuň sahna bölegi abat galypdyr, tomaşaçylar zaly bolsa ýumrulypdyr. Harabaçylygyň arasynda gyzyl perdäniň gerlip durandygyny ýatlaýarlar. Ol örän täsin şekil bolupdyr. Şol galan bölegi: “Şu ýerde teatr bolupdy” diýen ýazgy bilen geljek nesil üçin saklap bolardy. Aýdaly, ýumrulan çagalar bakjasyny, okuw jaýyny geljek nesil üçin saklap bolardy. Emma olaryň hiç biri saklanmandyr.

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat heläkçiliginiň Matam güni bellenýär. Aslynda bolsa şäherde ýeryranma bolanyny aňladýan ýeke jaý ýa nähilidir bir alamat galmady.

Dürli keşpli Aşgabat

Ýurt Garaşsyzlyk alansoň, paýtagtda düýpli gurluşyk işleri başlandy. Ençeme taryhy jaýlar, meselem, täze türkmen döwletini guranlardan G.Atabaýewiň we onuň egindeşleriniň ýaşan jaýlary, olaryň Çüli jülgesinde dynç alan ýerleri ýumruldy. S. Nyýazowyň görkezmesi bilen şäheriň gadymylygyna kepil geçip oturan Gorka depesi dolulygyna ýok edildi. “Aşgabady abadanlaşdyrmak” bahanasyna duwlanyp, ilatyň ýaşaýyş jaýlary ýumruldy. “Bu 48-nji ýylyň heläkçiliginden soň, ilatyň başyndan inen agyr melamat boldy” diýýärler.

Soňky döwürde bolsa S.Nyýazow tarapyndan ummasyz pula gurlan ýadygärlikleri söküp, başga ýere geçirmek işleri başlandy. Ikinji tarapdan, şäheriň günorta böleginde S.Nyýazow döwründe gurlan täze gurluşyklary, hatda entek ulanylyp ýetişilmedik binalary ýykdylar. Üçünji tarapdan, golaýda abadanlaşdyrylan şäher häkiminiň jaýy ýaly, örän abat hem sagdyn binalary-da sökdürdi.

Aşgabadyň töwerek-daşyndaky tebigy şertler özgerdilip, baýyrlar tekizlenip başlandy.
Aşgabat geçen asyryň 80-nji ýyllarynda kommunistler döwrüniň şäheri bolupdy.

S.Nyýazow döwründe ol täze diktatoryň kultuny görkezýän paýtagta öwrüldi. Indi ol başga bir syýasatyň paýtagtyna öwrülip barýar.

Şol wagtyň özünde-de indi her ýylyň maý aýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenmeli edildi.

Hudaýberdi Hally. Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG