Mary-Serhedabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu gyzyl üçekli, betondan salnyp, daşy suwalan kottej görnüşli jaýlar, Marynyň beýleki obalaryndan düýpgöter tapawutalanýar we göreniň ünsüni özüne çekýär.
Ýolöten şäherinden 35-40 kilometr uzaklykda gurulýan bu täze obanyň eýýäm 40-50 töweregi jaýynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanyşa berlipdir. Obanyň resmi açylyş dabarasy bolmansoň, oňa entek resmi at hem berilmän, ýerli ilat ony häzirlikçe “Täze oba” diýip atlandyrýar.
Sebitiň beýleki obalaryndan tapawutlylykda “Täze obadaky” 2-5 otagly jaýlaryň aralarynda köçeler, ýanýodalar hem çekilipdir. Beýleki obalarda howlularyň öňündäki haýatlar çem gelen – agaç, ulaglaryň bölekleri, palçyk – ýaly materiallardan galdyrylan bolsa, bu ýerde birmeňzeş tertipdäki ýaşyl reňkli demir haýatlar dikeldilipdir.
“Täze obada” gaz we suw üçin çekilen turbalar bilen bir hatarda, kanalizasiýanyň hem oňarylýandygyny görmek bolýar.
Ýöne...
Göräýmäge obalylar üçin ähli amatlyklary göz öňünde tutulan bu ýerde, ýerli ýaşaýjylary alada goýýan kemçilikller, nogsanlar hem ýok däl.
Ilki bilen aýtmalysy, bu obanyň çölüň içinde, çäge depeleriniň gabat garşysynda gurulmagydyr. Oba ilaty öz jaýlarynyň girelgelerini gum basyp, sähel ýel tursa öýüň içiniň hem çägeden dolýandygyny gürrüň berýärler.
Şol bir wagtda “Täze obada” her bir obanyň durmuşyna mahsus bolan mal-gara, towuk saklamak üçin ýerler göz öňünde tutulmandyr we oba ýaşaýjylaryna mal, öý guşlaryny saklamak gadagançylygy girizilipdir.
Bu obanyň ýaşaýjylarynyň biri Nazar öz mal-garasyny göçüp gaýdan Çakyr obasyndaky garyndaşlarynyňkyda saklaýandygyny aýdýar: “Häzir göçüp gelen bu obamyzda jaýlaryň ýagdaýy oňat eken. Emma mal saklar ýaly ýer ýok. Howla saljak bolsak hem rugsat edenoklar”.
Oba gaz we suw turbalary çekilen hem bolsa, olaryň hiç birinden suw ýa gaz akdyrylmaýar. Alty aý töweregi mundan ozal göçüp gelen ýaşaýjylar hökümet tarapyndan doldurylyp berilýän gaz ballonlaryny ulanýarlar. Şeýle-de 280 manat töweregi pul harçlap, öz howlularynda elektrik nasosy bilen işleýän guýy gazdyryp, ýa bolmasa her gelip-gitmesi üçin 16-20 manat soraýan ýörite ulaglarda howuzlaryna suw daşadyp, ýagdaýdan çykalga tapmaly bolýarlar.
“Täze obadaky” jaýlaryň daşky durkuna üns berilse-de, obada ne çagalar bagynyň, ne-de mekdebiň düýbi tutulypdyr. Netijede hökümet tarapyndan hiç hili ýörite transport göz öňünde tutulmadyk şertlerde, çagalar ”Täze oba” iň golaýda ýerleşýän 2 kilometr aralykdaky mekdebe özleri gatnamaly bolýarlar.
Obanyň Mary-Serhedabat demir ýol liniýasyndan 15-20 metr uzaklykda ýerleşmegi hem ýerli ýaşaýjylara belli bir kynçylyklary döredýär. Nazar bu taýdan gije-gündiz gatnaýan otlularyň sesiniň oba ýaşaýjylaryny, aýratynam ýaş çagalary bimaza edýändigini we belli bir derejede howpsuzlyk gorkusyny-da döredýändigini aýdýar: “Biz-ä otlynyň bu sesine öwrenşibiripdirsem welin, şu ýaş çagalar bimaza bolýarlar. Batly gelýän otly sebäpli bir gözümiz elmydama-da şu daşarda oýnap ýören oglan-uşaklardadyr”.
Entek resmi at berilmedik, bu “Täze obamyzyň” ilatynyň tas ählisi diýen ýaly Garaýag, "Kaganowiç", Çakyr ýaly goňşy obalarda ol ýa-da bu sebäpli jaýlary ýykylmaly edilip, bu ýere göçürilip getirilen hojalyklar.
Belläp geçsek, gürrüňini edýän “Täze obamyz” arasy 300 kilometr bolan Mary bilen Serhedabadyň aralygyndaky häzirlikçe düýbi tutulan täze görnüşdäki ýeke-täk ilatly punktdyr.