Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Separatistler bölünmegi sese goýar


Orsýetçi separatist lederi Denis Puşilin (O) metbugat ýygnagy mahalynda, Donetsk, 8-nji maý, 2014.
Orsýetçi separatist lederi Denis Puşilin (O) metbugat ýygnagy mahalynda, Donetsk, 8-nji maý, 2014.
Donetsk we Luhansk regionlaryndaky orsýetçi separatist liderleri, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň soňa goýmak baradaky çagyryşyna garamazdan, özleriniň 11-nji maýa planlaşdyran öz ykbalyňy kesgitlemek referendumlaryny geçirmekçidiklerini aýdýarlar.

Öz-özüni jar eden «Donetsk halk respublikasynyň» «utgaşdyryjy komiteti» Donetskde, ukrain hökümetiniň basylyp alnan binasynda, 8-nji maýda geçirilen maslahatdan soň, 11-nji maýda Ukrainadan bölünmelimi ýa däldigi baradaky referendumy geçirjekdigini aýtdy.

Donesk separatistleriniň özüni ýolbaşçy diýip jar eder lideri Denis Puşilin «bu referendum 11-nji maýda bolar» diýdi.
"Ol ýerde bu barada ses berişlik boldy. Şol ses berişlikde referendumy soňa goýmazlyga 100 prosent ses berildi. Bu refrenedum 11-nji maýda bolar."

Putin 7-nji maýda Moskwada Ukrainanyň Donesk we Luhansk regionlaryndaky saparatist hereketleriniň beýle referendumlary geçirmekligi soňa goýmalydyklaryny aýtdy.

"Garaşsyzlyk referendumlary"

Luhansk regionynyň separatist güýçleriniň öz-özüni ýolbaşçy diýip jar eden lideri Oleksiý Çmilenko 8-nji maýda «Interfaks» habar gullugyna özüni «Luhansk halk respublikasy» diýip yglan «halk assambleýasynyň" öz garaşsyzlyk referendumyny 11-nji maýda geçirmek kararyna gelendigini aýtdy.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow Kremliň gündogar Ukraindaky separatist toparlaryň gelen kararlaryny analizleýändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aştonyň sözçüsi Maja Kocijancic bu referendumlaryň 11-nji maýda hem, ondan biraz giç, başga senelerde hem geçirilmeli däldigini aýtdy.

Şeýle-de ol bu hili ygtyýar berilmedik ses berişlikleriň «demokratik kanunlygynyň bolmajagyny we Ukrainadaky krizisi mundan aňryk hem ýitileşdirjegini» sözüniň üstüne goşdy.

Referendumlary geçirmek kararlary Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Andriý Parubiý hatda separatist liderleri bu ses berişligi soňa goýmagy karar etseler hem «antiterror operasiýasynyň» dowam etdiriljegini aýdandan soň kabul edildi.

Ukrain güýçleri soňky günlerde gündogar Ukrainada separatistler tarapyndan eýelenen hökümet binalarynyň bir toparyny yzyna aldylar.

Ukrain serhedindäki goşunlar

Şu arada Warşawada, NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýaranlygyň rus güýçleriniň serhetden yza çekilendigini görmändigini aýtdy, ýogsa Putin munuň şeýle edilendigini aýdypdy.

Rasmussen 8-nji maý güni irden, Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk bilen duşuşykdan soň, "şu wagta çenli biz olaryň öz goşunlaryny yza çekendigini görkezýän hiç bir alamat görmedik» diýdi.

Rasmussen bu beýanaty Orsýetiň daşary işler ministrligi goşunyň yza çekilendigini görmezlik üçin gözüň kör bolmaly diýenden soň etdi.

Rasmussen öz gözleriniň gaty gowy görýändigini aýtdy.

Tusk bolsa "biz prezident Putiniň beýanatyna uly seresaplylyk bilen çemeleşmeli» diýdi.

Putin 7-nji maýda ukrain serhedine toplanan 40 müň çemesi rus goşunynyň öz tälim orunlaryna dolanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG