Waşington, ukrain krizisi bilen baglylykda, Ýewropanyň rus gazyndan ýüz öwürmek synanyşygy esasynda, ýene Azerbaýjana mümkin bolan esasy hyzmatdaş hökmünde seredýär. Emma muňa garamazdan, amerikan resmileriniň aýdýan sözlerine görä, ABŞ Bakuwy onuň adam hukuklaryny äsgermezligi bilen bagly jogapkärçilige çagyrmaly.
«Men, sebitiň energiýa durnuklylygy bilen bagly aladalaryň çäginde, biz Azerbaýjan bilen edýän energiýa hyzmatdaşlyklarymyzyň gapdalyndan, adam hukuklarynyň bozulmalaryny hem görnetin azaltmagy gazanjak bolmaly» diýip, amerikan senatory, merilandly Ben Kardin (Ben Cardin) aýtdy.
Günbatar liderleri Kreml martda Krymy anneksiýa edeli bäri Ýewropanyň rus gazyna garaşlylygyny azaltmak we şunuň bilen Orsýetiň geosyýasy täsirini gowşatmak barada gürrüň edýärler. ÝB ýurtlaryna Orsýetden barýan gaz Ukrainanyň üstünden geçýär.
Günorta gaz koridory
ÝB-niň we ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, «Günorta gaz koridory» arkaly, Azerbaýjanyň bu strategiýada esasy roly oýnap biljegini açyk aýdýarlar. Bakuwyň golaýyndan başlanýan geçiriji proekti, Türkiýäniň üsti bilen, Orsýetden sowa ýagdaýda, hazar gazyny günorta Ýewropa aşyryp biljek. Şol bir wagtda Azerbaýjan özüni Waşingtonda Ýewropanyň energiýa durnuklylygyny üpjün edip biljek we amerikan syýasatçylarynyň göwnünden turjak çäreleri geçirip biljek möhüm hyzmatdaş hökmünde görkezýär.
Emma, analitikleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň sözlerine görä, bu tagallalar Azerbaýjanda azatlyklaryň gysylmagynyň fonunda edilýär. Golaýda iki sany tanymal hukuk goraýjynyň, şeýle-de Bakuwa Türkiýeden gelen žurnalistiň döwlete dönüklikde aýyplanyp tussag edilmegi şeýle tendensiýanyň bardygyny tassyklaýar diýip, analitikler aýdýarlar.
Karnegi merkeziniň Günorta Kawkaz boýunça eksperti Tomas de Waal (Thomas De Waal) şu hepde azeri prezidenti Ylham Alyýewiň öz opponentlerine garşy görýän repressiw çäreleri bilen bagly teoriýalaryň biri barada şeýle diýdi: «Bakuwdaky hökümet Azerbaýjan çalşyryp bolmajak energiýa iberiji bolup durýar we şu sebäpden Günbataryň tankydyndan halas diýen karara geldi.»
“Otagdaky pil”
Birleşen Ştatlaryň Bakuwdaky ilçisi Riçard Morniňstar (Richard Morningstar) şu hepde Waşingtonda geçen konferensiýada Azerbaýjandaky demokratiýa we adam hukuklary problemalary barada çekişmä girmekden çekinmedi.Ol bu problemany ikitaraplaýyn gatnaşyklarda “otagdaky pil” hökmünde häsiýetlendirdi.
«Biz bu problemalary görmezlige salyp bilmeýäris. Görnüşinden, biz birek-birege gowy düşünmeýän ýaly. Biz kim bolsak şol, biz berk demokratik gymmatlyklara eýerýäris, haçanda biz öz nukdaý nazarymyzdan problema ýa düzgün bozma bolýan zady görenimizde, biz ony açyk aýdýarys we aýtmagy dowam etdireris» diýip, Morniňstar 30-njy aprelde «Azerbaýjanyň dostlary» assambleýasy tarapyndan gurnalan konferensiýada aýtdy.
Bu guramanyň ofisi Hýustonda ýerleşýär we ol Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Halkara agentlerini hasaba almak aktynyň maglumatlaryna görä, «Azerbaýjanyň dostlary» assambleýasy golaýda Waşingtondaky reklama gullugy «APCO Worldwide» bilen, Azerbaýjanyň abraýyny ýokaralandyrmak barada iki aýlyk, 46 müň dollardan gowrak pula durýan şertnama gol çekdi.
Pensilwaniýaly respublikan kongresmen Çarli Dent (Charlie Dent) öz giňişleýin çykyşynda amerikan-azeri gatnaşyklaryny öwüp, adam hukuklary meselesinden sowa geçdi. Emma ol Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna Birleşen Ştatlaryň bu meselede Bakuwa basyş etmegine hiç bir zat päsgel bermeýär diýdi.
Eden-etdilikli tussag etmeler
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatynyň soňky neşirine laýyklykda, Azerbeýjanda geçen ýyl söz we pikir azatlygynyň çäklendirilmegi artdy. Hasabatda aýdylmagyna görä, žurnalistler we hukuk goraýjylar häkimiýetler tarapyndan gorkuzulýar, tussag edilýär we olara garşy güýç ulanylýar.
«Eden-etdilikli tussag etmeler» we «syýasy äheňli tussag etmeler» geçen ýyl Azerbaýjanda düýpli problema boldy diýip, fewral aýynda çap edilen hasabatda bellenilýär. Şeýle-de hasabatda azeri prezidenti Alyýewiň gaýtadan saýlanylmagy üçin guralan saýlaw kampaniýalary tankyt edilýär.
Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjandaky öňki (Klinton döwründäki) ilçisi Riçard Kauzlariç (Richard Kauzlarich), eger-de Azerbaýjan özüni Günbatar üçin ýaramly hyzmatdaş edip görkezmek isleýän bolsa, ol muny repressiýalar bilen däl, eýsem adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak bilen gazanyp biler diýdi.
«Eger azerbaýjanlylar Azerbaýjanyň strategiki hyzmatdaş hökmündäki abraýyny ýokarlandyrmak hakynda pikir etseler, onda olar başga tarapa, syýasy tussaglary boşatmaga, habar serişdelerine çäklendirmeleri ýatyrmaga we umuman adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmaga tarap ugur almaly» diýip, Kauzlariç Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna aýtdy.