Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky göçme mejlisini geçirdi.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu gezekki mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2014-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalypdyr.
Göçme mejlisiň geçirilen ýerinde ýurduň lideri döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew tarapyndan garşy alyndy. Milli howpsuzlyk ministri prezidente öz ýolbaşçylyk edýän pudagy, şol sanda ýurtda sosial durnuklylygy goldamak boýunça üç aýyň dowamynda edilen işleriň netijeleri barada ilkinji bolup hasabat berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, «ýurduň serhetçileri tarapyndan ygtybarly goralýan gury ýer we deňiz serhetlerindäki ýagdaý barada» hasabat berdi.
Prezident Berdimuhamedow serhet gullugyna örän möhüm wezipäniň degişlidigini belläp, ýurduň serhetçileriniň türkmen halkynyň asylly däpleri esasynda terbiýelenmegini, döwlet serhetleriniň ähli goňşy ýurtlar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedine öwrülmegini we onda parahatçylygyň, asudalygyň ýola goýulmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryk berdi diýip, habarda aýdylýar.
Prezident Berdimuhamedow bu ýerde meýdan şertlerinde işlemeli mobil hassahananyň proýekti bilen tanşyp, onda döwrüň talaplary esasynda ähli şertleriň döredilmegini tabşyrypdyr.
Mälim bolşy ýaly, ozalky prezident S.Nyýazow ýogalyp, Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň, ýurduň Ýaragly güýçleriniň hatarynda hem reformalaryň başlanandygy yglan edildi.
Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýewiň hasabatynda harby pudakdaky reformalar barada gürrüň edildi.
Ol hususan-da häzirki zaman harby tehnikalarynyň we ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamagyň hasabyna milli goşunyň kuwwatyny we kämilligini pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň barşy barada hasabat berdi.
Mundanam başga ol ýakynda gurnalan «Sarsmaz erk» harby okuw, meýdan türgenleşikleriniň netijeleri barada durup geçip, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini habar berdi.
Şeýle-de ministr, Türkmenistanyň prezidentiniň permany boýunça, ýurduň Ýaragly güýçlerinden we beýleki goşun bölümlerinden harby gullukçylary boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak boýunça edilýän işleriň barşy barada maglumat beripdir.
«Döwlet baştutanymyz hasabaty diňläp, harby hünärler boýunça ýaýbaňlandyrylan okuwlara gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny, mähriban watanymyza, halkymyza gulluk etmek ýaly asylly we jogapkärli işe höwesekleriň köpelýändigini kanagatlanma bilen belledi» diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.
Şeýle-de prezident harby gullugy tamamlap, ykbalyny bu ugra baglamak islän ýaşlaryň watançylyk we söweşjeň taýýarlygy boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtapdyr.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň baş prokurory, içeri işler ministri, Ýokary kazyýetiň başlygy, adalat ministri, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy, döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy hem üç aýda edilen işler boýunça hasabat berdi.
Resmi habarda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow şu ýylyň birinji çärýeginde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işlerine umuman kanagatlanma bildiripdir.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu mejlisi golaýda türkmen-owgan serhedinde owgan jeňçileri tarapyndan birnäçe türkmen esgeriniň öldürilendigi, şol bir wagtda demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň türkmen serhetçileri tarapdan görýän sütemleri barada çykan habarlaryň yz ýanlaryna gabat geldi.

We are sorry, but this feature is currently not available