Owganystandaky “Talyban” toparyndan bolan söweşijiler türkmen-owgan serhedinden bikanun geçip, Türkmenistanyň üç sany serhetçisini atyp öldürdiler.
Owganystanyň ýerli häkimiýetlerine salgylanylyp ýaýradylan bu maglumat boýunça häzirlikçe Türkmenistanyň metbugatynda hiç hili habar çap edilenok.
"Türkmenistanyň territorisýasyna girip..."
Çarşenbe güni giçlik bolan bu waka barada Owganystanyň Bathys welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Mirwais Mirzakwalyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, bu çozuş “Talyban” topary tarapyndan amala aşyrylypdyr.
“Tor Şaýh etrabynda hereket edýän Möwlawi Abdylla atly “Talyban” komandiriniň ýolbaşçylygyndaky topar mundan ozal Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bilen hem wagtal-wagtal çaknyşýardy. Olar bu gezek Türkmenistanyň territoriýasyna girip, türkmen serhetçileriniň üstüne hüjüm edipdirler. Wakada türkmen serhetçilerinden üçüsi wepat bolupdyr. Bize gowşan maglumatlara görä, bu hadysada türkmen serhetçilerinden ýene-de birki sanysy hem ýaralanypdyr” diýip, Owganystanyň Bathys welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Mirwais Mirzakwal Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy.
Owgan resmisiniň aýtmagyna görä, agzalýan “Talyban” topary indi ep-esli wagtdan bäri şol etrabyň howpsuzlygyna wehim salmaga synanyşýar. Ol “Talyban” hereketine daşary ýurtlardan, aýratynam Pakistan tarapyndan goldaw berilýändigini aýdýar.
Bathys welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen serhetçileriniň atylyp öldürilmegi bilen baglanyşykly wakada entek käbir zatlary anyklamak juda zerur. Häzirlikçe bu hüjümiň nähili gurnalyp, nähili amala aşyrylandygy jikme-jik belli däl. Ýöne, onuň sözlerine görä, bu ugurda zerur derňewler alnyp barylýar.
Owganystanyň Bathys welaýatynyň häkiminiň metbugat weklili Mirwais Mirzakwal Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýene-de şeýle diýýär: “Talyban” topary käbir ýurtlardan goldaw alýar. Biz şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmagynyň öňüni almaga synanyşýarys. “Talyban” toparynyň Bathys welaýatynda hiç hili merkezi ýok. Ýöne olaryň has uzagrakdaky ýerlerden goldanylýan bolmagy mümkin”.
Konsullykdan maglumat ýok
Ýerli resmileriň bu wakany amala aşyrmakda “Talyban” hereketini aýyplaýandygyna garamazdan, häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne alanok. Bu ganly wakanyň bolup geçen ýerine golaýda ýerleşýän Türkmenistanyň Hyrat welaýatyndaky konsulhanasy-da bu hadysa we oňa degişli maglumatlar barada dymýar.
Owganystanyň ýerli häkimiýetleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda, , esasanam, Bathys welaýatynyň Bala Murgap etrabynda “Talyban” hereketiniň söweşijileriniň Pakistan instruktorlary tarapyndan dürli söweş taktikalary boýunça türgenleşdirilýändigini aýdyp gelýärler.
Owganystanyň ýerli howpsuzlyk güýçleri soňky ýyllarda şol etrapda harby merkezleriň ýakynynda ele salnan käbir eýranlylaryň-da içalyçylykda güman edilýändigini öňe sürýärler.
Mundan ozal Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş beýleki welaýatlary bolan Farýabda we Jowuzjanda hem “Talyban” hereketiniň aktiwleşýändigi, bu iki welaýata degişli käbir etraplaryň bolsa eýýäm “Talyban” hereketiniň güýçli täsirindedigi barada maglumatlar gowuşýar.
Ýene-de bir üns bermeli zat, bu howsalaly wakalar Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy dikeltmek üçin indi 10 ýyl bäri söweşip gelýän daşary ýurt harby güýçleriniň esasy böleginiň şu ýylyň aýagyna çenli Owganystany terk etmäge taýýarlanýan wagtynda bolup geçýänligidir.
Ýeri gelende aýtsak, Owganystan bilen Türkmenistanyň araçäginiň uzynlygy 744 kilometre barabardyr.