Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan metan syzmasyna garşy göreşmek üçin hünärmen toplar - metbugat


Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy
Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki gaz öndürijisi, metanyň bölünip çykyşyny kesgitlemek üçin, bu işe hünärmenleri çekmegi meýilleşdirýär diýip, “Bloomberg” habar berýär. Bu çäre, neşiriň bellemegine görä, ýurduň uly möçberdäki ýyladyşhana zyňyndylaryny çäklendirmek ugrunda edýän tagallalarynda möhüm ilerleme bolar.

Bu meseleden habardar adamlaryň aýtmaklaryna görä, "Türkmengaz" ýakyn aýlarda, belki-de ýanwar aýynda metana gözegçilik etmek boýunça tender yglan etmegiň üstünde işleýär.

Oktýabr aýynda, Türkmenistanyň Nebit we gaz konferensiýasyna hödürlenen meýilnamalaryň taslamalary gözden geçirildi we, tender jikme-jiklikleriniň üstünde işlenilýändigi üçin, çeşmeler öz atlarynyň aýdylmazlygyny haýyş etdiler.

Bu çäre hemra maglumatlaryny almak üçin uly itergi bolar we hatda, planetany gyzdyrýan gazyň syzmalaryny anyklamak we bu ýagdaýyň öňüni almak mümkinçiliklerini hem berip biler.

Metan gazy, atmosfera gelip gireninden soňky ilkinji iki onýyllykda, daşky gurşawy gyzdyrmakda kömürturşy gazyndan azyndan 80 esse güýçli diýlip hasaplanýar.

Az ilatly Türkmenistan, dünýäniň iň uly tebigy gaz gorlarynyň biriniň üstünde ýerleşmek bilen, halkara energiýa gullugynyň soňky Metan Tracker hasabatyna görä, beýleki esasy üpjün edijilere garanyňda, alynýan nebit-gazyň möçberine laýyklykda has köp metan syzdyrýar.

Metan zyňyndylary azaldylsa, bu Türkmenistan üçin gaz syzmasyny 2030-njy ýyla çenli 30% azaltmak barada berlen global wadadan bäri geçen üç ýyl içinde edilen möhüm ilerleme bolup bilerdi. Ýogsa, könelişen energiýa desgalaryndan we onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagyndan howa ýaýraýan zäherli gazlar bilen baglylykda, bu ýurtdaky metan syzmalary gözegçilikden çykdy diýip, habarda aýdylýar.

Geçen ýyl Türkmenistan häzirki wagtda 160 töweregi ýurda wekilçilik edýän global metan wadasyna gol çekýändigini aýtdy.

Soňky aýlarda ýurt we onuň döwlet tarapyndan dolandyrylýan energiýa kompaniýalary onýyllygyň aýagyna metan zyňyndylarynyň möçberini azyndan üçden bire çenli azaltmak üçin ýol kartasyny taýýarladylar. Häzir bu ýurt öz taryhynda bu meseläni çözmäge gönükdirilen ilkinji düzgünlerini girizmegiň işinde işleýär diýip, “Boomberg” neşiri ýazýar.

Neşir düşündiriş üçin “Turkmengazyň” web sahypasynda görkezilen telefon belgisine edilen jaňa-da, döwlet eýeçiligindäki kompaniýanyň elektron adresine ýazylan hata hem jogap berilmändigini belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG