Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhedabadyň unudylan stadiony


Oňa Serhedabat şäherçesiniň stadiony diýilýär, ol bu etrapda sowet döwründe gurlan ilkinji we soňky sport desgalarynyň biri. Stadionyň takyk näçinji ýylda, näçe tomaşaça niýetlenilip gurlandygy hakda anyk maglumat ýok. Ýöne häzirki döwürde stadiondaky ýok zatlar diňe onuň özi baradaky maglumat bilen çäklenmeýär.

Stadionyň gapysam ýok, tomaşaçylara niýetlenen oturgyçlaram, ygally günlerde ýagyşdan, yssyda günden goraýan tomaşaçylaryň depesindäki taşa-da ýok. Birinji gezek göreniňde, daşyna diwar aýlanan bu meýdanyň sport üçin niýetlenendigini aýtmagam kyn.

Bu, elbetde, stadionyň häzirki durky.

Anyk senesi barada maglumat bolmasa-da, 70-nji ýyllaryň soňlarynda gurlandygy aýdylýan bu stadion barada serhedabatlylar bilen gepleşeniňde, stadionyň ýagdaýynyň hemişe beýle bolmandygyna göz ýetirýärsiň.

Sowet döwründe

Sowet döwründe gurlan bu stadionyň bu etrapda öz döwrüniň iň döwrebap sport merkezlerinden biri bolandygyny, stadionda diňe etrap derejesinde däl, welaýatdyr respublikan derejede-de ýaryşlaryň geçirilendigini we onuň tomaşaçylardan dolan gezekleriniň-de az bolmandygyny käbir ýerli ýaşaýjylar ýatlaýarlar.

Sowet Soýuzy dargap, Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyny alansoň esasy ünsüň paýtagt Aşgabada berilmegi, diňe sportda däl, ähli beýleki ugurlar boýunça-da, regionlaryň, esasanam Serhedabat ýaly paýtagtdan uzakdaky etraplaryň doly diýen ýaly ünsden düşürilmegine getirdi.

Sport, elbetde, şol pudaklardan diňe biri. Jemi ilat sany 50,000 töweregi diýlip çaklanylýan Serhedabat etrabynda gürrüňi edilýän bu desganyň ýeke-täk sport stadiony bolandygyna garamazdan, onuň häzirki gözgyny ýagdaýy - etrabyň ünsden düşürilmeginiň diňe bir mysaly.

Bu ýagdaý bolsa, serhedabatly sport janköýerleriniň lapyny keç edýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan 30 ýaşlaryndaky Pirguly şeýle sport janköýerlerinden.

“Diwarlary ýykylyp ýatyr”

“Serhedabadyň [sport] stadiony Türkmenistana degişli däl ýaly, stadiona we etrapda hiç kim sporta üns berenok, kime aýtjagymyzam bilemizok. Bolmasa ýekeje stadioynymyz bar, ol garaşsyzlyk ýyllarynda remont garasyny görmedi, diwarlary ýykylyp ýatyr ” diýip, özüni Pirguly diýip tanadan serhedabatly ildeşimiz aýtdy.

Pirgulynyň aýdanlarynyň jany bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki şäherlerde, esasanam Aşgabatda, ençeme sport desgasy guruldy. Hatda häzirki döwürde 2000-nji ýyllarda gurlan we öz wagtynyň iň döwrebap sport meýdançasy diýlip hasaplanýan “Türkmenbaşy Olimpiýa stadiony” sökülip, onuň ýerine täzesi gurulýar diýilýär.

Ondan başga-da Aşgabatda ençeme stadion bar, onuň üstesine, onlarça sport desgasyny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy hem dowam edýär. Şol desgalaryň ulanylýan halatlarynyň welin, seýrek bolýandygy göz öňünde tutulanda, wagtal-wagtal ilat arasynda olaryň dogrudanam zerurdygy barada-da pikirler döreýär.

Şol bir wagtyň özünde-de aprel aýynda tutuş ýurt boýunça sport çäreleriniň gurnalmagy planlaşdyrylýar. Onsoň bu pursatda serhedabatlylar Serhedabadyň stadionyna we özlerine haçan üns berlerkä diýen soragy orta atýarlar.
XS
SM
MD
LG