Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň tankydy boş geçýär


Zir-zibil gutularynyň ýanyndaky telewizorlar. Aşgabat.
Zir-zibil gutularynyň ýanyndaky telewizorlar. Aşgabat.
10-njy ýanwarda geçen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Türkmen telewideniýesiniň efirde görkezýän gepleşikleriniň hilinden ýene bir gezek öz nägileligini bildirdi. Prezident olaryň režissurasynyň pesdigini we gepleşikleriniň durmuşdan üzňedigini tankytlap, “Ýaşlyk” telekanalynyň başlygyny wezipesidnen boşatdy.

Prezident öz tankydy bellikleri boýunça jikme-jik maglumat bermedi. Emma onuň çykyşynyň halk köpçüligine ýetirilen bölegini göz öňünde tutup aýdanyňda, şol belliklerde umumy gürrüň edilýär.

Bu prezidentiň döwlet eýeçiligindäki telekanallaryň işi hakda eden ilkinji tankydy däl. Agzalýan tankydy bellikden soň aradan eýýäm iki hepde geçse-de, gepleşikleriň hilinde häzirlikçe asla üýtgän zat ýok.

Gepleşikler, bolşy ýaly, öňki äheňde dowam edýär. Meselem, döwlet eýeçiligindäki telekanallaryň ählisinde görkezilýän we ýarym sagatdan gowrak dowam edýän Watan habarlar, ýagny täzelikler programmasynda, öňküsi ýaly başdan-aýak prezident, onuň eden bellikleri we gatnaşan ýygnaklary hakda gürrüň edilýär.

Telewideniýäniň beýleki gepleşiklerinde hem halkyň derdi, ýurduň sosial ýagdaýy barada uly iliň pikirini öz içine alýan programmalar ýok. Tankydy bellige asla orun berilmeýär. Goňşularymyzda we beýleki ýurtlarda bolup geçýän wakalar hakda hem gürrüň edilenok.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenistanlylar, täzelikler bilen tanyşmak üçin türkmen telekanallaryna däl-de, daşary ýurt habar serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosyna bil baglaýandyklaryny aýdýarlar.

Dres-kod

Telewideniýede işleýän kadrlaryň arasynda hem, edaranyň işinden nägilelik bildirýänler az däl. Olar, esasanam, aşa çäklendirmeler we senzuradan şikaýat edýärler. Habarlara bolan çäklendirmeler bilen bir hatarda telewideniýede dowam edýän dres-kod, ýagny egin-eşik syýasaty hem şol çäklendirmelerden ýene biri.

Adynyň agzalmagyny islemedik telewideniýäniň işgärleriniň biriniň aýtmagyna görä, diňe işgärleri däl, hatda telewideniýede görkezilýän ýönekeý adamlar hem gündelik geýýän egin-eşiklerinde surata düşürilmeli däl. Dress-koduň talaplaryna gabat gelmeýän adamlar hatda arkadaky planda hem görünmeli däl.

Telewideniýe işgäriniň aýdýanlaryna ekranda görkezilýän käbir sýužetlerden hem göz ýetirmek mümkin. Meselem, telewideniýede kähalatda kostýum-balakly, galstukly eli pilli meýdanda işläp ýören daýhany hem görmek bolýar. Ýa-da toýa geýilýän egin-eşikli sygyr sagýan sagymça-da duş gelinýär.

Mundan başga-da teleefirde özüňi alyp barmak boýunça hem birnäçe düzgünler bar. Şolardan iň soňky girizileni gepleşige gatnaşýan adamlaryň oturanlarynda ellerini dyzynda goýmaklygy. Gepleşigiň dowamynda gürläp oturan adam elini gymyldatmaly hem däl.

Alkyş

Döwlet eýeçiligindäki telekanallaryň birinde habarçy bolup işleýän galamdaşlarymyzdan biri telewideniýede çykyş edýän ýa-da interwýu berýän adamyň öz gürrüňini prezidente alkyş aýtmak bilen başlamak we ýene alkyş bilen soňlamak ýaly tabşyrygyň bardygyny aýtdy.

“Türkmen telewideniýesi bir adamyň islegini kanagatlandyrmak üçin diýen ýaly işleýär. Ýolbaşçylar prezidentiň göwnüni tapjak bolup, elinde baryny edýärler. Şonuň üçin telewideniýäniň gepleşikleriniň hili pes” diýip, telewideniýäniň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri gürrüň berýär.

Diňe habarlar, dres-kod däl, soňky döwürlerde, görkezilip başlanan az sanlyja gysga metražly filmleriň hili hakda hem dürli soraglar bar, sebäbi olaryň aglabasy many we mazmun taýdan hindi filmleriniň hekaýalaryny ýatladýar.

Türkmen rezissýorlary tarapyndan öňki ýyllarda surata düşürilen köne filmler bolsa telewideniýede görkezilmeýär. Özüni Bahar diýip tanadan Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu barada şeýle diýýär. “Täze ýyl baýramynda görkezilen filmler gowşak, gülkünç bolmadyk ”gülkünç” sahnalaryna tomaşa edesiň gelenok, şonuň üçin daşary ýurt telekanallaryna seredeniň gowy”.

Şol bir wagtyň özünde-de ”Ýaşlyk” telekanaly barada aýdylanda, il içinde geçirilen barlag bolmasa-da, halk arasyndaky gürrüňlerden çen tutsaň, onuň beýleki telekanallar bilen deňeşdirilende, tomaşaçylarynyň köpdügini aýdara esas bar.

Bu telekanalyň, esasanam, “Siziň üçin körpeler” hemem ”Mukamlara seýrana” atly bäsleşik-gepleşiginiň ýaşlaryň arasynda belli bir derejede meşhurdygy aýdylýar. Emma onuň ýaly gepleşikler çäkli bolansoň, Bahar ýaly ildeşlerimiz güýmenmek hemem maglumat almak üçin daşary ýurt habar serişdelerine bil baglaýarlar.

Muňa Aşgabat ýaly uly şäherlerde ýaşaýş jaýlarynyň üçekdir-penjirelerinde goýlan “bol biten kömelekli meýdany” ýatladýan çanak antennalarynyň gürlügindenem hem göz ýetirse bolýar.
XS
SM
MD
LG