Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sazak mugallym aradan çykdy


Sazak Durdymyradow
Sazak Durdymyradow
Şu gün irden, il içinde Sazak mugallym diýlip tanalýan graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow aradan çykdy. Ol bir aýdan gowrak wagt bäri ýarawsyz ýatyp, ýüregagyry keselinden ýogaldy. Sazak aga şu gün sagat üçde jaýlandy.
Sazak mugallymyň ölümi onuň dostlary, ýoldaşlary, egindeşleri we tanyşlary, il-gün üçin garaşylmadyk urgy boldy. Sazak mugallym ýurduň syýasy hem jemgyýetçilik işlerine özbaşdak hem aktiw gatnaşan berk graždan pozisiýaly adamdy.
Sazak aga 1949-njy ýylda doglan. Ol kän ýyllap Bäherdendäki orta mekdebiň mugallymy bolup işledi.

Ol 1995-nji ýylda Nyýazowa ýurtdaky bolup geçýän ýaramaz hadysalar barada öz pikirini beýan edip, açyk hat ýazypdy. Şeýle-de ol Nyýazowa ”Ruhnama” kitaby baradaky öz pikir-garaýyşlaryny açyk ýazyp bilen adam.

Sazak mugallym Bäherdeniň orta mekdebiniň taryh mugallymy bolup işlän döwründe hem ol ”Ruhnamadaky” ýalňyşlyklary, ondaky käbir nädogry taryhy maglumatlary öz okuwçylaryna düşündirip bilen adam. Sazak aga bu eden işleri üçin birnäçe gezek her hili gysyşlara sezewar edilipdi.

Ol öz egindeşleri bilen “Bähbit” partiýasyny döretjek bolany üçin Boýnuzyndaky dälihana atyldy, her hili gysyşlara sezewar edildi. Emma, muňa garamazdan, ol öz pozisiýasyndan dänmedi.

Döwlet organlarynyň garşylygyna garamazdan, Mejlisiň deputatlygyna öz kandidaturasyny hödürledi.

Sazak mugallym bütin düşünjeli ömründe ýaranjaňlygyň, çemeçilligiň garşysyna göreşen adamdy. Azatlyk Radiosy Sazak mugallymyň maşgalasyna çuňňur gynanç bildirýär. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Sazak aga!
XS
SM
MD
LG