Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Tebigy baýlyklaryň peýdasy we zyýany?


Owganystanyň Baghlan welaýatyndaky magdan gory.
Owganystanyň Baghlan welaýatyndaky magdan gory.
Owganystanyň mineral baýlyklary onuň geljekki maksatnamalaryny durmuşa geçirmeginde möhüm rol oýnar. Eger-de pudaga maksada laýyk gözegçilik edilse, agzalýan baýlyklar güýçli depginde ösýän ykdysadyýetiň baş çeşmesi bolar. Ýagdaý şeýle bolanda, milli howpsuzlyk hem üpjün ediler, hökümet hem durnukly kämilleşer.

Ýöne şol bir wagtyň özünde ýurduň tebigy baýlyklary korrupsiýany tutaşdyryrmak bilen, baýlyklaryň daşary ýurtly maýadarlara arzan bahadan satylmagynyň netijesinde Kabuly öňküden hem gowşadyp, ýene bir dartgynlygyň çeşmesi hem bolup biler.

Owganystanyň magdançylyk pudagyna syn edip, bilermenler ýurduň saýlap alan häzirki ýolunyň netijesinde, tebigy baýlyklara harsal çemeleşip, mundan ejir çekýän ýurtlaryň hataryna goşulmak ähtimallygy bar diýip çaklaýarlar.

Resurslar

Owganystanyň magdançylyk we nebit-gaz ministri ýurtda 1 trillion amerikan dollary möçberinde nebitiň, gazyň, demiriň, misiň we altynyň gorlarynyň bardygyny aýdýar. Kabul geljekki on ýyllygyň dowamynda her ýyl ýangyç we tebigy baýlykdan alýan girdejisinden 4 mililiard amerikan dollary möçberinde peýda görmegi maksat edinýär. Ýöne 2012-nji ýylyň görkezijilerine görä, döwlet, iki pudagyň girdejisini goşanymyzda 150 million dollardan hem az girdeji alypdyr.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Global witness”, ýagny “Global şaýat” kompaniýasynyň Owganystan toparynyň başlygy Stefen Karter owgan hökümetiniň öz tebigy baýlyklaryna gözegçilik edip bilmeýändigini aýdýar. Düýbi Londonda ýerleşýän “Global witness” hökümete degişli däl gurama bolup, ol tebigy baýlyklar bilen konfliktleriň we korrupsiýanyň gatnaşygyny öwrenýär.

“Agzalýan pudakda bütinleý diýen ýaly gözegçilik ýok. Ol ýerde hiç hili barlagçy diýilýän zat ýok. Ýurtda “biz peýdalanmaly, bu ýagdaýyň mümkin boldugyça şeýle dowam etmegini gazanmaly” diýýän adamlaryň barlygyndan howatyrlanýarys. Bu düşnükli ýagdaý, ýöne şeýle ýagdaýlar pudaga has ýeňil usulda gözegçilik etmegiň ugry hökmünde saýlanyp alnan bolsa, onda muňa gelejekde oňyn baha bermezler”.

Owgan hökümeti magdan söwdasyny hökümetiň iň derwaýys ösüş ýoly hökmünde kesgitledi. Kabul 2014-nji ýylda halkara ýardamyň kesilmegi we daşary ýurt goşunlarynyň ýurtdan çykmagy bilen, ýurduň içinde iş orunlaryny döretmek we ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak üçin tebigy baýlyklaryndan peýdalanmagy göz öňünde tutýar.

Dawalar

Ýöne eýýam häzirden garşydaş etniki toparlar bilen syýasy toparlaryň arasynda tebigy baýlyk ugrunda turjak çynlakaý göreşiň alamatlary peýda bolup başlady.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Badahşan welaýatynda gymmat bahaly daşlaryň we altynyň söwdasyna erk etmek üçin ýerli häkimiýetleriň arasynda dawa-jenjeliň başlanandygy habar berilýär. Bamiýan welaýatynda ýerlileriň magdan känlerine eýeçilik etmek hukuklary ugrunda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşandyklary aýdylýar. Paktiýa welaýatynda ýerli meýletinçiler kömür magdanynyň üstünde urşupdyrlar.

Gory baý regionlarda merkezi hökümet bilen welaýat, taýpa baştutanlarynyň arasynda söweşler turupdyr.

Geçen aý Amyderýanyň hanasynda ýerleşýän meýdanda alnyp barylýan nebit-gaz taslamasy togtadylypdyr. Agzalýan ýerde 1 ýyldan gowrak wagt bäri Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň inženerleridir olaryň owgan hyzmatdaşlary tarapyndan bilelikde nebit çykarmak işi alnyp barylýan eken. Ýerli meýletinçiler hüjüm edensoň, olar önümçiligi togtatmaly bolupdyrlar.

Raşit Dostum

Owgan hökümeti hüjüm eden meýletinçileriň general Raşit Dostum bilen baglanyşyklarynyň bardygyny aýdýar. Raşit Dostum diýdimzor özbek generaly bolup, ol häzirki wagtda owgan Milli goşunynyň serkerdebaşysy wezipesinde işleýär. Kabul Dostumy Hytaý kompaniýasyna zor bilen bikanun tölegleri tölemäge mejbur etmekde aýyplaýar.

Dostum özüne bildirilýän aýyplamalary ret edip, öz gezeginde prezident Hamid Karzaýa günä ýöňkedi. Raşit Dostumuň sözlerine görä, Hamit Karzaýy öz maşgalasy bilen ilteşigi bolan we Hytaý korporasiýasy bilen bilelikde buraw işlerini alyp barmaga şärikli “Watan group” atly owgan şirketiniň bähbitlerini goraýar.

Söweşijiler

Karteriň aýtmagyna görä, ýaragly toparlar hem konfliktleri maddy taýdan goldamak üçin tebigy baýlyklardan peýdalanýarlar. Mysal üçin, sowet hüjümi döwründe ýa-da graždanlyk uruşlary döwründe-de ýagdaý şeýle bolupdy. Şol döwürlerde dürli mujähet toparlary gymmatly daşlary, mermerleri we beýleki minerallary Pakistana äkidip, maddy gazanç edipdiler.

Karter bu hakda şeýle diýýär: “Günorta Owganystandaky tokaý önümlerini bikanun ulanmak arkaly gozgalaňçy toparlaryň maddy üpjünçiligi berjaý edilýär. Ýerli meýletinçileriň hem maddy üpjünçiligi hromy ogurlap, gazanç etmek arkaly berjaý edilýär. Giň gerimli magdançylyk işleriniň alyp barylmagynyň netijesinde toparlaryň arasynda çykyp biljek söweşleriň we dartgynly ýagdaýlaryň içki çaknyşyklara ýol açyp biljekdigini gözden salmaly däldiris.”

Ýurduň içinde alnyp barylýan üç sany esasy magdançylyk operasiýalarynyň üçüsi hem beýleki ýerlere garanyňda has parahat regionlarda ýerleşýär. Olar gündogar Owganystanyň Logar welaýatynda alnyp barylýan Mes Aýnak mis magdançylygy, Bamiýan welaýatynda alnyp barylýan Hajygyrak demir we gymmatbaha daş magdançylygy, şeýle hem ýurduň demirgazygynda ýerleşýän ”Amyderýa” nebit-gaz taslamasydyr.

Ýöne soňky döwürlerde agzalan ýerler hem durnuksyz regionlara öwrülip başlady. Sebäbi meýletinçiler hökümetiň baýlyklaryna göz dikip, daşary ýurtly maýadarlaryň pudakda iş alyp barmaklaryna päsgel bermek üçin, olara hüjümleri amala aşyryp başladylar.

Hökümet

Galyberse-de, hökümetiň hut öz içinde-de owgan tebigy baýlyklarynyň we ýangyç pudagynyň ugrunda içki göreş gidýär. Bu bolsa minerallara baý bolan gorlaryň Kabulyň golastyna geçmek prosesisini haýalladýar.

Ministrleriň arasynda pudaga eýeçilik etmek ugrunda bar bolan düşünişmezlikler sebäpli senagaty kadalaşdyryp we maýadarlary kanagatlandyrjak täze kanun bir ýyldan hem köp wagt bäri parlamentden geçip bilmän saklanýar.

Owganystanyň hökümete degişli däl guramasy bolan “Bütewi Owganystan” guramasynyň işgäri Jawed Nuranyny düşünişmezlikleriň aňyrsyndaky kanun bozmalaryň hötdesinden gelmek üçin has anyk aç-açanlygyň zerurdygyny belledi.

Korrupsiýanyň her hili derejesi we görnüşi bolýar. Haçan-da hökümet iş alyp barjak kompaniýalaryň sanawyny düzende-de, korruspiýa bolup bilýär. Hatda şertnama gol goýlanda hem korrupsiýa baş goşup bilýärler. Korrupsiýa ýol açyp biljek, belki-de, 100-lerçe ýagdaý bardyr.”

Nuranynyň pikirine görä, hökümet tebigy baýlyklardan alynýan girdejiniň nirelere sarp edilýändigi barada daşary ýurt kompaniýalarynyň hökümete edýän tölegi barada we magdançylyk şertnamalary barada halk köpçüligine aç-açan maglumat bermeli.

“Haçan-da aç-açanlyga tarap agzalan ädimler ädilende, Owganystan öz tebigy baýlyklaryndan zyýan däl-de, peýda görmegiň ugruny tapar” diýip, Nurany aýdýar.
XS
SM
MD
LG