Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: 1953-nji ýyl üns merkezinde


Eýranda bolan gozgalaňlar, Tähran, 1953-nji ýylyň awgusty.
Eýranda bolan gozgalaňlar, Tähran, 1953-nji ýylyň awgusty.
60 ýyl mundan ozal 15-nji awgustda Eýranyň harbylary, Amerikanyň we Britaniýanyň aňtaw gulluklarynyň goldawy bilen, döwlet agdarylyşygyny amala aşyrdylar. Bu agdarylyşykdan galan sarsgynlar tutuş dünýäde häzire çenli-de duýulýar.

1953-nji ýylda bolan döwlet agdarylyşygynda Eýranyň demokratik ýollar bilen saýlanan ilkinji hökümetiniň we onuň ilhalar premýer-ministri Muhammad Musaddygyň agdarylmagynyň Günbatara garşy duşmançylyk oduny ölçerendigine ynanylýar.

Bu duşmançylyk onlarça ýyl soňrä Yslam rewolýusiýasy görnüşinde özüniň iň ýokary derejesine ýetdi.

Agdarylyşygyň täsiri

Ýöne 15-nji awgust bilen 19-njy awgust aralygynda, bäş günüň içinde bolan wakalar öz täsirini Eýranyň serhetlerinden aňrylara-da ýetirmän durmady. Ol Orta Gündogaryň geosyýasy landşaftyny üýtgedip, Birleşen Ştatlaryň geçen asyryň 50-nji ýyllarynda döwlet agdarylyşyklaryny goldap, bökümetleri durnuksyzlaşdyrmak boýunça gizlin tagallalaryna nusga boldy. Sowet Soýuzyny hem Sowuk uruş döwründe ideologik ok-däri bilen üpjün etdi.

Käbir adamlaryň ylalaşmaýan teoriýasy boýunça bu döwlet agdarylyşygyny planlaşdyryp, oňa ýolbaşçylyk edenler Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugy (CIA) bilen Britaniýanyň Harby aňtaw gullugynyň 6-njy bölümi (MI6). Maksat Eýranyň nebitine kontrollygy elden bermezlik, şeýle hem 2-nji Jahan urşundan soň Tähranyň Sowet Soýuzynyň täsiri astyna düşmeginiň öňüni almakdy.

Stefen Kinzer "Hemmeler şanyň adamlary: Amerikan agdarylyşygy we Orta Gündogar terrorynyň kökleri" atly kitabyň awtory. Ol bu döwlet agdarylyşygyna Waşington üçin gysga möhletlik ýeňiş diýip garaýar.

"Taryhy jähtden garanyňda, agdarylyşyk Birleşen Ştatlar üçin şowly bolmady. 1979-njy ýylda bolan rewolýusiýa bu agdarylyşygyň netijesinde häkimiýet başyna gelen şanyň eden zulum-süteminiň uzak möhletli täsiridi. Yslam rewolýusiýasy fanatik ýagdaýda Birleşen Ştatlara garşy bir režimi häkimiýet başyna getirdi. Ol indi 30 ýyldan gowrak bäri tutuş dünýäde Amerikanyň bähbitlerine zyýan ýetirmek barada iş alyp barýar" diýip, Kinzer aýdýar.

Bu agdarylyşyk 60 ýyl bäri Eýranyň milli aň-düşünjesini giňden garalap, ýurduň Günbatar bilen bolan gatnaşyklaryna tiken bolup dürtülýär.

Syýasy ugur

"Muhammad Musaddyk we Eýranda 1953-iň agdarylyşygy" atly kitabyň awtory Mark Gasiorowski Musaddygyň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginiň iki syýasy ugra ýol açandygyny aýdýar. Bularyň biri Aýatolla Rohullah Homeýniniň ýolbaşçylygyndaky radikal yslamçylar, beýlekisi hem radikal solçy söweşiji "Mujahedin-e-Halk", ýagny ”Halk söweşijileri”.

"Agdarylyşygyň eden işi Eýran syýasatyndaky aram, dünýewi elementleri sahnadan çetleşdirip, onuň ýerine 1960-njy we 1970-nji ýyllarda radikal yslamçylaryň we radikal solçularyň esasy oppozision topara öwrülmegine ýol açmagy boldy.

Agdarylyşyk demokratiýanyň tarapyny çalýan toparyň ýok edilmegine sebäp boldy. Bu hem öz gezeginde aralykdaky ýyllarda Eýranyň syýasatyna gaty möhüm täsirler etdi" diýip, Gasiorowski belleýär.

Gasiorowski 1953-iň agdarylyşygy tutuş regiona-da öz täsirini ýetirdi diýýär: "Agdarylyşyk regionda Sowuk uruş garşy durmasyny güýçlendirdi. Amerikanyň bu işden maksady hem şoldy. Ol Eýranda kommunistleriň täsirinden gorkýardy. Şol sebäpden Eýrany-da Türkiýe we Pakistan bilen birlikde Sowet Soýuzyna garşy bir söweş gämisi etjek bolýardy".

Sowet Soýuzy hem muňa jogap edip, regionda öz işjeňligini artdyrdy. Ol Müsüriň, Siriýanyň, Yragyň we Liwiýanyň hökümetlerini, şeýle hem Orta Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň beýleki ýurtlarynyň ençemesini dürli ýardamlar we ýarag bilen üpjün etdi.
XS
SM
MD
LG