Şu ýylyň 10-njy iýulyndan başlap daşary ýurda gitmek isleýän türkmenistanlylar diňe täze daşary ýurt - biometriki - pasporty arkaly ýurtdan çykyp bilerler. Köne pasportlaryň deregine biomteriki pasportlaryň ulanylyp başlanmagy, täze pasportyny edinmedik daşary ýurtdaky türkmenistanlylara hem öz täsirini ýetirýäne meňzeýär.
Men köne pasport bilen bilet alyp bolmaýandygy barada, mundan öň, hiç ýerde maglumat eşitmändim... Meniň bu ýerde [Türkiýede] mydamalyk işlemek niýetim ýok. Şunlukda men ýene-de 6-7 aý işläp, pul jerimesini töläp, yzyma - Türkmenistana dolanyp täze pasporty almakçy.
Adynyň agzalmagyny islemedik Türkiýede bilim alýan türkmenistanly bir talyp:
Türkiýäniň Içeri işler ministrligi meni 'köne pasportym' bilen diňe 10-njy iýula çenli möhlet bilen hasaba alyp bilýändigini aýtdy. Mundan soňraky möhlete hasaba durmak üçin diňe täze - biometriki pasportyň gerekdigini aýtdylar. Men indi Türkmenistana gidip şu [daşary ýurt] pasportyny alyp, yzyma dolanmaly boljak. Meniň günüme düşen köp sanly beýleki türkmenistanly talyplar hem bar.
Türkiýede okaýan Bahar atly başga bir türkmen talybynyň berýän gürrüňlerini diňlemek üçin, aşaky düwmä basyň: