Ýakynda Türkmenistanyň prezidentiniň doglan güni Awazada geçirilen konserte gatnaşan we sahna çykyp, Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlan pop-ýyldyzy Jennifer Lopeziň adyna garşy tankydy çykyşlar köpelýär. Munuň sebäbi näme?
ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň wekili, kanun çykaryjy Ileana Ros-Lehtinen amerikan aýdymçysy Jennifer Lopezi türkmen prezidentiniň doglan güni Awazada geçirilen konserte gatnaşandygy üçin tankyt etdi. Ileana Ros-Lehtinen aýdymçyny Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny äsgermezlikde aýyplady.
Döwlet Departamentiniň ýakyndaky hasabatynda Türkmenistanda, hususan-da, “howpsuzlygy üpjün edýän häkimiýetleriň jenaýatçylykda şübhelenýänleri, tussaglary we hökümeti tankyt edýänleri urup-ýençýändikleri” barada aýdylýar.
Günbatar wekili
Türkmen jemgyýetçilik aktiwisti Wýaçeslaw Mämmedow günbatarlylaryň demokratik gymmatlyklaryna esaslanýan jemgyýetleriň wekilleri bolansoň, olaryň raýat azatlyklaryny depeleýän ýurtlara sapar etmekleri, ösen jemgyýetleriň gymmatlyklary äsgermeýändigini görkezýär, diýip belledi.
Mämmedowyň sözelerine görä, Jennifer Lopez adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasynyň Latyn Amerikadaky proýektlerine aktiw gatnaşýan adam, hut şu sebäpden onuň raýat azatlyklaryna basyş etmekde tankytlanýan Türkmenistana sapary üçin tankytlanmagy esasly.
Jennifer Lopeziň wekili aýdymçynyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyndan habarsyz bolandygyny aýdyp, konsertiň syýasy waka däl-de, eýse Hytaýyň milli nebit korporasiýasy tarapyndan geçirilen çäredigini belledi.
Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow Türkmenistanda geçirilýän dabaralaryň türkmen hökümeti bilen işleşýän daşary ýurt şirketleriniň hasabyna geçirilmeginiň Türkmenistanda öňden bäri gelýän tejribedigini belläp, muňa kanunçylyga çapraz gelýän ýagdaý hökmünde baha berdi.
"Ýalňyş" ädim
Türkmen graždan aktiwisti Wýaçeslaw Mämmedow Lopeziň Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly problemalar barada öň bilmändigini aýtmagyny ýalňyşlyk diýip hasap edýär.
“Ol Türkmenistandaky ýagdaýdan özüniň bihabardygyny aýdyp, özüni ýalňyş alyp bardy. Ol öz ýalňyşyny derrew boýun almalydy. Sebäbi prezidentiň doglan güni aýdym-saz bilen şagalaňly bellenýän ýurtda hiç bir azatlyklaryň ýokdugy we raýatlara zor görkezilýändigi her bir adam üçin düşnükli” diýip, Wýaçeslaw Mämmedow aýtdy.
Jennifer Lopeziň Türkmenistana sapar etmegi halkara habar serişdeleriniň, şol sanda ABŞ-nyň “CNN” telewideniýesiniň üns merkezine düşdi.
”Perizhilton” websaýty Jennifer Lopez häzir hut otly don geýdi, ol tankytlary gowşatmak üçin Türkmenistanda eden çykyşyna “has amatly düşündiriş tapmaly” diýip belledi.