Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pingwinler medianyň biparhlygynyň simwolyna öwrüldi


Antarktikadaky pingwinler
Antarktikadaky pingwinler
1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargan döwri Orsýetde "Guw köli" baleti görkezilýärdi. Türkiýede bolsa indi – pingwinler.
Geçen hepde Stambul şäherinde polisiýa bilen protestçileriň arasynda ýowuz çaknyşyk ýüz berende, Türkiýäniň milli telekanallarynda halka ýurduň içinde edil şol wagt gidip duran dartgynlyk bilen hiç hili ilteşigi bolmadyk zatlar görkezildi.

Şol ýazgylaryň arasynda aşpezlik programmalary, Adolf Gitler barada dokumental film hem bardy, CNN Türk telekanalynda bolsa pingwinler hakdaky programma görkezildi.
Muňa gaharlanan protestçiler hepdäniň başynda iki telekanalyň ýanynda ýygnanyşdylar. Olar özleriniň gaharlanmagynyň sebäbini protestler baradaky habarlary sosial ulgamlarda okamaga mejbur bolandyklary bilen düşündirýärler.
Şol bir wagtyň özünde-de sosial ulgamlary protestçilere habarçylaryň üstünden gülmäge, netijede iň bärkisi olardan biriniň demonstrasiýaçylardan ötünç soramagyna itergi berdi.
Ortaýer we Gara deňizleri bilen gurşalan Türkiýede pingwinler onçakly bir meşhur däl, şol sebäpden hem ýurtda ullakan demonstrasiýalar gidip durka milli telewideniýeden pingiwinler hakda programmanyň görkezilmegi uly sensasiýa boldy.

Aktiwist Zafer Avindik öz twitter hasabynda bu barada şeýle diýýär: “Bu meniň Türkiýede bolup geçýän protestlere medianyň nähili biparh garaýandygyny görkezýän iň gowy görýän suratym”.
Aktýor Sermiýan Midaýat bolsa göwsünde şol guşuň suraty bolan köýnegi geýip, CNN Türk telekanalynyň programmasyna gatnaşdy.
Ýaragly pingwinleri suratlandyrýan plakatda bolsa şeýle diýilýär: "Antarktika garşylyk görkezýär! Pingwinler: Munuň ereýän buzlara hiç hili dahyly ýok". Stambulyň howa maglumaty: gazyň derejesi 27 gradus; Ankara: agşamlaryna howa gazly".
XS
SM
MD
LG