Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir: Türkmenistanda senzurany aýyrmaly


Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew elinde "Rysgal" gazetini saklaýar.
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew elinde "Rysgal" gazetini saklaýar.
Çarşenbe güni düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Freedom House" guramasy Media azatlygy boýunça özüniň ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Hasabatda Türkmenistan Demirgazyk Koreýa bilen birlikde "ýaramazlaryň ýaramazy" toparyna goşulypdyr.

Şol bir wagtda türkmen häkimiýetleri ýurtda metbugaty ösdürmek ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosy Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Ýohan Bir bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistandaky media erkinliginiň ýagdaýy barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, bilşiňiz ýaly, Türkmenistan “Freedom House” guramasynyň “Media azatlygy” hasabatynda “ýaramazlaryň ýaramazy” toparyna goşuldy. Türkmenistan siziň hem çap edýän hasabatlaryňyzda iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär. Şol bir wagtda-da resmi Aşgabat ýurtda metbugatyň ösdürilmegi üçin tagallalaryň edilýändigini öňe sürýär. Bu ýagdaýlar barada gürrüň beräýseňiz?

Ýohan Bir
Ýohan Bir
Ýohan Bir: Hawa, prezident Berdimuhamedow 2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçeli bäri, reformalar barada yzygiderli çykyş edip gelýär.

Ýöne, meniň pikirimçe, häzire çenli berilýän wadalar bilen hakykatyň arasyndaky boşluk diňe artýar.

Prezidentiň güýçli täsir galdyrýan çykyşlaryna garamazdan, iş ýüzünde üýtgän zat az boldy.

Emma, hawa, dogrusy, käbir oňaýly ädimler-de boldy. Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Media baradaky kanun kabul edildi. Mundan öň hiç zat ýokdy. Indi žurnalistleriň – kagyz ýüzünde hem bolsa – käbir hak-hukuklary bar. Emma bularyň ygtybarlylygy, elbetde, soraglary döredýär.

Haçan-da Türkmenistanyň gazetlerinde “erkin metbugat” barada ýazylanda, bu bir ile gülki bolýar. Biz nähili senzuranyň bardygyny görüp durus ahyryn.

Türkmenistandaky “reformalar” barada aýdylanda, biz entek hem olaryň amala aşmagyna garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, belki habaryňyz bardyr, ýakynda uzak wagtdan bäri Türkmenistana gelmegine rugsat berilmedik käbir adamlar, şol sanda žurnalistler hem ol ýere sapar edip geldi. Siz muňa nähili garaýarsyňyz, nähili baha berýärsiňiz?

Ýohan Bir: Hawa, dogry, bu hem öňe ädilen kiçi bir ädim. Bu gutlanmaly bir ýagdaý. Ýöne, hakykata açyk seredeliň, Türkmenistanyň öňünde duran meseleler nazara alnanda, bu bir onçakly uly zat hem däl ahyryn.

Türkmen resmileri hakykatdan hem erkin medianyň döremegini isleýän bolsalar, onda ýurtda garaşsyz metbugatyň döremegine ýol açmaly. Men “Rysgal” ýaly “gözboýagçy” şahsy neşirleri göz öňünde tutamok, hakyky garaşsyz metbugat bolmaly.

Türkmenistan biziň “Metbugat azatlygynyň indeksi” atly ýyllyk hasabatymyzda 179 ýurduň arasyndan 177-nji ýerde ýerleşdirildi. Türkmenistanyň entek öňde durmuşa geçirmeli ep-esli reformalary bar.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy Türkmenistanyň köp sanly reformalary durmuşa geçirmelidigini bellediňiz. Eýsem, umumy alman, edil häzirki pursaty göz öňünde tutsak, türkmen resmileri haýsy ädimleri ätmeli? Hakyky reformalar üçin nämeler edilip bilner?

Ýohan Bir: Türkmenistanda media döwletiň doly gözegçiliginde saklanylýar. Ýurtda adamlaryň pikirlerini beýan edip bilmegi üçin hiç hili şert döredilmedik. Elbetde, Azatlyk Radiosy we käbir beýleki habar serişdeleri bu boşlugy doldurjak bolýarlar. Ýöne, bilşimiz ýaly, olar juda we juda çäklendirilen we agyr şertlerde iş alyp barýarlar.

Bir mysaly alyp göreliň, geçen dynç günleri prezident Berdimuhamedow atdan ýykyldy. Bu hem ýurtda berk bir senzura alynjak bolundy. Şundan hem aýdyň bolşy ýaly, Türkmenistanda senzura höküm sürýär. Bu eýýäm ýurdy dolandyrmagyň bir guralyna öwrüldi.

Meniň pikirimçe, ilkinji edilip bilinjek iş – bu ähli zady senzurlamagy bes etmeli, senzurany duruzmaly.


XS
SM
MD
LG