Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MkKee: Esasy mesele "zapoý"


Orsýetde adamlar öýüň öňündäki meýdançada arak içýär.
Orsýetde adamlar öýüň öňündäki meýdançada arak içýär.
Kommunizm çökeli bäri aradan 20 ýyldan gowrak wagt geçendigine garamazdan, öňki Sowet Soýuzyna degişli döwletlerde ölüm derejesi Günbatardakydan has ýokarda durýar.

Britaniýanyň "The Lancet" medisina žurnalynda öten hepde ýerleşdirilen makalada aýdylyşyna görä, muňa ilkinji nobatda sebäp bolýan – ýürek keseli, çaga ölüminiň derejesiniň ýokarydygy, ýokanç keseller, şeýle hem saglygy goraýyş sistemasynyň hili we onuň maliýeleşdirilişiniň pesligi.

Esasan ýürek keseline getirýän-de işe ýarawly adamlaryň we ýaşlaryň arasynda içgä hem çilime aşa köp ýykgyn edilmegi.

Makalanyň awtory, Ýewropa jemgyýetçilik saglygy boýunça iş alyp barýan professor Martin MkKee öz gelen netijeleri barada 2-nji aprelde geçiren metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Näme zatlar bolýar diýseňiz, esasy zat, aýratyn-da Orsýetde, Ukrainada, Belarusda we beýleki slawýan ýurtlarda alkogol. Uly mesele içgi. Wodka bar, ýöne ol esasy problema däl. Adamlaryň aglaba köplügini öldürýän ol däl. Tehniki alkogollar, alkogol ýerine içilýän içgiler, Orsýetde odekolon we oba ýerlerinde öndürilýän ýasama arak samogon. Bu zatlar adamlaryň olary içýändigi göre-bile satylýar. Bularyň 95 prosenti etanol. Adamlar şu zatlary içýärler. Munuň orsçasy 'zapoý'. Bu diňe bir gije içmek däl. Ençeme günläp içhä-içlik edilýär. Alkogol bir uly problema".

Ýürek ýetmezçiligi

Hasabatda aýdylmagyna görä, Orsýetde ölüm sebäpleriniň arasynda birinji orunda durýan - ýürek keseli.

Işe ýarawly ýaşdaky erkekleriň 60 prosentiniň, işe ýarawly ýaşdaky aýallaryň hem 30 prosentiniň ölümi agyr içgi bilen baglanyşykly. Inçekesel we AIDS ýaly ýokanç keseller, şeýle hem awtoulag hadysalary hem Orsýetde adamlaryň garaşylyşyndan ir aradan çykmagyna sebäp bolýan beýleki faktlar.

Orsýetde erkekleriň ortaça ömri 1990-njy ýylda 63 ýaş bolan bolsa, 2000-nji ýylda 58 ýaşa geldi. 2009-nji ýylda ýene ýokarlap, 62 ýaşa bardy. Aýallaryň ortaça ömri bolsa, belli bir derejede üýtgewsiz galdy. Ol 1990-njy ýyldaky 74 ýaşdan aşaklap, 2000-nji ýylda 72, 2009-nji ýylda ýene 74 ýaşa bardy.

Öňki sowet respublikasy Gazagystan ilatynyň ortaça ömri iň gysga ýurt hasaplanýar. Ol ýerde ýaňky agzalyp geçilen döwürde adamlaryň ortaça ömri 61-den, 58-e geldi.

Tutuşlygyna alanyňda Ýewropa Bileleşiginde erkekleriň ortaça ömri GDA döwletleriniňkiden 12 ýaş, aýallaryňky hem 8 ýaş ýokary.

Barlagda gelnen netijelere görä, Orsýetde bir 20 ýaşyndaky erkegiň 60 ýaşa ýetmek şansy 63 prosent, Ýewropa Bileleşiginde bolsa 90 prosent.

MkKee öňki sowet ýurtlarynda saglyk sistemasynyň öňünde uzak ýol ýatyr diýýär: "Öňki sowet döwletlerinde esasy mesele aýdyňlyga esaslanýan kliniki işleriň entek uzak ýoly aşmalydygy. Sebäbi sowet döwründe aýdyňlyga esaslanýan medisina kontrollyk düşünjesi ret edilýärdi. Tutuş ylym düşünjesi ideologiýa esaslanýardy. Bu häzirem [şol öňküsi ýaly] kynçylyk bolup galýar".
XS
SM
MD
LG